Türkmenistanyň we Marokkonyň daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

  • 09.07.2021 09:27
  • 2.5k+

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň we Marokkonyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi, oňa Marokko Patyşalygynyň daşary işler ministri Naser Burit gatnaşdy. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Geňeşmeleriň barşynda türkmen Lideriniň Afrika yklymynyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, geçen ýylyň ýazynda türkmen wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna amala aşyran saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşary syýasat, ulag, bilim, ylym we beýleki ulgamlarda goşmaça resminamalary işläp taýýarlamak üçin gepleşikleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyp, taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Geňeşmeleriň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we marokkoly ekspatriatlar boýunça ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna» gol çekildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......