BSGG-niň ýewropalylaryň kliniki depressiýasyna beren bahalary seljerildi

  • 09.07.2021 12:30
  • 3.1k+

Lukmanlar Ýewropanyň 27 ýurdunyň ýaşaýjylarynyň psihiki saglygynyň ýagdaýyny öwrendiler we olaryň 6,5 göteriminiň kliniki depressiýanyň dürli görnüşlerinden ejir çekýändigi hakynda netijä geldiler. Bu görkeziji BSGG-niň resmi bahalandyrmalaryndan, takmynan, 1,5 esse ýokary boldy. Barlagyň netijeleri «The Lancet Public Health» ylmy žurnalynda çap edildi. Bu barada tass.ru maglumat berdi.

BSGG-niň statistiki maglumatlaryna görä, Ýer ýüzüniň 260 milliondan gowrak ýaşaýjysy kliniki depressiýadan ejir çekýär. Şol sebäpli her ýylda 800 müňe golaý adam aradan çykyp, esasan, ýetginjekler, 15-29 ýaş aralygyndaky gyzlar we oglanlar bu kesele has ýakyndyr. Neýrofiziologlaryň bu keseliň tebigatyna entek doly düşünmeýändikleri we ony göterijileriň sanyny doly anyklap bilmeýändikleri depressiýa garşy göreşmek işini çylşyrymlaşdyrýar.
IMIM barlag institutyndan Hordi Alonso we onuň kärdeşleri bu meseläni çözmekde uly ädim ätmegi başardy. Olar Ýewropanyň 27 ýurdunda depressiýanyň nähili derejede ýaýrandygyny  öwrendiler. Alymlar munuň üçin şu ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň 258 müňden gowragynyň psihiki saglygyny öwrenip, olaryň arasynda depressiýany göterijileriň sanyny kesgitlediler.
Görlüp oturylsa, BSGG-niň hünärmenleri Ýewropa ýurtlaryndaky bu ýagdaýa az derejede baha berýän eken. Ýewropanyň ilatynda olaryň ortaça sany 6,5 göterime golaýlaýar, munuň özi ozalky barlaglardan 1,5 esse ýokarydyr. Şeýle-de Alonso we onuň kärdeşleri subkontinentiň aýry-aýry ýurtlarynda depressiýanyň has köp duş gelýändigini hasaba aldylar. Hususan-da, Slowakiýanyň, Çehiýanyň we Litwanyň çäginde ýaşaýan adamlarda bu görkeziji az duş gelýär, ýagny bu ýurtlaryň umumy ilat sanynda olar bary-ýogy 2,6-3 göterimi tutýar. Munuň tersine, Islandiýanyň, Germaniýanyň we Lýuksemburgyň ýaşaýjylary depressiýadan has köp ejir çekip, olaryň 9-10 göterimi bu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Barlaglaryň şeýle netijeleri alymlar üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy, çünki olar lukmançylygyň we sosial hyzmatlaryň ösüş derejesi pes bolan Gündogar Ýewropa ýurtlarynda depressiýany göterijileriň sanynyň ýokary bolmagyna garaşdylar. Hakykatda bolsa depressiýa Günbatar Ýewropanyň baý ýurtlary üçin mahsus ýagdaý eken.
Alymlar gözegçilikleriň we maglumatlaryň gaýtadan seljerilmeginiň bu hadysanyň näme bilen baglanyşyklydygyny we olaryň sebäplerini anyklamaga mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar. Alymlar bu ýagdaýyň Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň medeniýetiniň aýratynlyklary we fiziki işjeňliginiň pes derejesi bilen baglydygyny çaklaýarlar.


şu gün 10:41
1.1k+

Nemes alymlary «Starship-iň» ýewropaly bäsdeşini tanyşdyrdylar

Germaniýanyň awiasiýa we kosmonawtika merkeziniň alymlary meşhur «Starship» raketasynyň iň jikme-jik we garaşsyz synyny çap etdiler. Bu ylmy iş hakynda CEAS Space Journal žurnalynda okap bolýar. Gözlegçi bilermenler «Starship» raketasynyň ilkinji dört synag uçuşynyň açyk maglumatlaryny seljerdiler we onuň mümkinçilikleri esasynda öz modellerini gurdular...

düýn 11:48
1.1k+

Ýewropaly we hytaýly alymlar lazer internetini döretmekde uly öňegidişlik gazandylar

Ýewropa kosmos agentligi taryhda ilkinji gezek uçar bilen emeli hemranyň arasynda gigabit tizlikli lazer aragatnaşygyny amala aşyrdy. Bu tejribe awiasiýa we barylmasy kyn bolan sebitler üçin giň zolakly interneti ösdürmekde möhüm tapgyrdyr...

31.01.2026 16:33
2.8k+

ESA iň täze howa hemrasyndan alnan ilkinji suratlary görkezdi

Brýusselde geçirilen Ýewropa kosmos maslahatynda Meteosat hemrasynyň üçünji nesline degişli bolan MTG-S (Sounder) hemrasyndan alnan ilkinji suratlar jemgyýetçilige hödürlendi. Bu suratlar missiýanyň atmosferanyň temperaturasy we çyglylygy baradaky maglumatlary ýygnamak ukybyny subut edýär...

31.12.2025 08:50
6.7k+

Ýewropa kosmos agentligi 2025-nji ýylyň iň gowy suratlaryny görkezdi

Ýewropa kosmos agentligi (ESA) guramanyň esasy taslamalaryny we ylmy barlaglaryny özünde jemleýän 2025-nji ýylyň iň gowy suratlarynyň ýygyndysyny hödürledi. Çap edilen kadrlaryň arasynda Germaniýadaky LUNA desgasynda astronawtlaryň türgenleşik pursatlary bar...