Ýewropa kosmos agentligi Aýy we Marsy ilatlaşdyrmagyň meýilnamasyny hödürleýär

  • 24.06.2025 12:13
  • 5.3k+

2040-njy ýyla çenli adamlar Marsda ýaşap başlap bilerler. Bu meýilnama Ýewropa kosmos agentligi (ESA) tarapyndan hödürlenen Strategy 2040-yň we Technology 2040 Vision-niň resminamalarynda yglan edildi.

Maksatlaryň arasynda - orbital we planetar bazalary döretmek, özbaşdak ýaşaýşy goldamak ulgamyny we balyk ýaly iýmitleri ösdürip ýetişdirmek görnüşindäki  işleri  öz içine alýar.

"Bu häki bir meýilnama bolman, herekete çagyryşdyr" – diýip, ESA-nyň baş müdiri Ýozef Aşbaher agentligiň agza ýurtlaryna ýüzlenmek bilen mälim etdi.

Hünärmenleriň pikirine görä, ýakyn 15 ýylda tehnologiýa diňe bir älem baradaky düşünjäni däl, eýsem adamyň ondaky ornuny hem düýpgöter üýtgeder. Ileri tutulýan ugurlaryň arasynda - ion hereketlendirijilerini, kwant kompýuterlerini, missiýany dolandyrmak üçin emeli aňy we beýleki planetalarda jaý gurmak üçin 3D çapdan peýdalanmak bar.

Tehnologiýa "2040 Görkeziş" resminamasynda "Adamzat Ýeriň orbitasynda, Aýda, Marsda we olardan has uzaklarda hem ýaşaýar ... Bu agzalan kosmos oazisleriniň ýaşaýjylaryna diňe bir ýaşamaga däl, eýsem, gülläp ösmäge-de mümkinçilik berýär" diýip, Technology 2040 Vision resminamasynda aýdylýar.

Inženerler infrastrukturany işläp taýýarlamak bilen meşgulka, fransuz alymlary kosmosda iýmiti guramagyň ýollaryny gözleýärler. Lunar Hatch taslamasynyň çäklerinde Aýda ýa-da Marsda deňiz okunlaryny (balyk görnüşleri) köpeltmegiň üstünde işleýärler.
Işbil dänelerini ýörite gaplarda eltmek meýilleşdirilýär, bu geljekde göçüp barjaklary balyk - belok çeşmesi, omega-3 ýag kislotalary we B witaminler topary bilen üpjün etmek üçin gerek. Hasaplamalara görä, ýedi adama dört aýlap iýmit bermek üçin 200 töweregi okun gerek bolar.


şu gün 14:38
1.2k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

18.06.2026 11:16
2.8k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......