Ýewropada maglumat geçiriş tizliginde rekord goýuldy: 3500 km aralykdan 1,2 Tbit/sek

  • 14.06.2025 00:35
  • 2.6k+

Ýewropaly alymlar rekord goýdy – CSC (Finlýandiýa), SURF (Niderlandlar) we Nokia konsorsiumy 3500 kilometr aralykdan maglumatlary 1,2 Tbit/sek tizlikde geçirmegi başardy. Bu üstünlik superkompýuterleriň işini tizleşdirer we maglumatlaryň kwant goragyny üpjün eder diýip, Interesting Engineering ýazýar.

Synag Niderlandlaryň Amsterdam şäheri bilen Finlýandiýanyň Kaýani şäherindäki maglumat merkezlerini NORDUnet (skandinaw magistraly), Sunet (Şwesiýa), SIKT (Norwegiýa) we Funet (Finlýandiýa) torlary arkaly birleşdirdi.
Maglumatlary geçirişde hakyky we emeli maglumatlar gönüden-göni disk massiwleriniň arasynda iberildi. Bu tehnologiýanyň esasynda Nokia-nyň kwant bilen goralýan optiki kanallary, IP/MPLS marşrutizasiýasy we FlexE tehnologiýasy bar.

«Biziň infrastrukturamyz täze nesil superkompýuterler üçin taýýar» — diýip, «Nokia» kompaniýasynyň wekili Mihail Lenko belläp geçdi.

Bu üstünlik hasaplaýyş ýüklerini dürli superkompýuterleriň arasynda paýlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa maglumatlaryň işlenişini, meselem, LUMI superkompýuterindäki KNMI-niň howa maglumatlarynyň işlenişini ep-esli tizleşdirýär. Şeýle hem bu ösüş maglumatlaryň ogurlanmagyna garşy kwant goragly ulgamlaryň döredilmegine ýol açýar.

«Bu öňegidişlik sanly döwürde transatlantik kabelleriň peýda bolmagy bilen deňeşdirilýär» — diýip, Şweýsariýanyň Sýurih ýokary tehniki mekdebiniň (ETH Zurich) professory Markus Ştaýner belläp geçdi.

Bu tehnologiýa uly göwrümli maglumatlary geçirmegiň gijikdirilmegi meselesini çözüýär. Mysal üçin, «klimatologlar hem hemra maglumatlaryny häzirki wagt boýunça seljerip bilerler, bu tupanlary çaklamaga we adamlaryň halas edilmegine kömek eder» — diýip, Şwesiýanyň kosmiki fizika institutyndan Anna-Mariýa Lundkwist belläp geçdi.
Şeýle-de bolsa, bilermenleriň ählisi beýle optimist däl. Milanyň tehniki uniwersitetiniň (Italiýa) professory Karlo Rossetti bu tehnologiýanyň senagatda ulanylmagy üçin, Ýewropanyň tor infrastrukturasynda düýpli üýtgeşmeleriň zerurdygyny aýdýar.
Analitikleriň bellemegine görä, bu synag superkompýuterleriň bitewi ulgam hökmünde işleşip biljekdigini görkezdi. Her näme-de bolsa, bu umumyýewropa «EA fabriginiň» döredilmegi we LUMI superkompýuterinde GPT-nl ýaly dil modelleriniň türgenleşdirilmegi üçin giň ýol açýar.


04.05.2026 11:12
1.3k+

Lego konstruktory stratosfera uçurylandan soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

“Awe Mariýa” taslamasy” («Проект “Аве Мария”») filminiň sýužeti esasynda döredilen Lego konstruktory stratosfera uçuşyndan soň dünýä rekordyny goýdy....

24.04.2026 15:00
5.1k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

18.04.2026 16:22
4.3k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

07.03.2026 10:41
3k+

Nemes alymlary «Starship-iň» ýewropaly bäsdeşini tanyşdyrdylar

Germaniýanyň awiasiýa we kosmonawtika merkeziniň alymlary meşhur «Starship» raketasynyň iň jikme-jik we garaşsyz synyny çap etdiler. Bu ylmy iş hakynda CEAS Space Journal žurnalynda okap bolýar. Gözlegçi bilermenler «Starship» raketasynyň ilkinji dört synag uçuşynyň açyk maglumatlaryny seljerdiler we onuň mümkinçilikleri esasynda öz modellerini gurdular...