Hytaýda dünýäniň iň beýik asma köprüsini 96 sany ýük ulagy bilen synagdan geçirdiler

  • 03.09.2025 17:13
  • 18k+

Hytaýda Guýçžou welaýatynyň Huaszýan Uly kanýonynyň üstünden geçýän täze asma köpriniň soňky synaglary tamamlandy. Gurluş 625 metr belentlikde ýerleşýär we uzynlygy 2980 metrdir.

Bu köpri Lýuçži we Anlun etraplaryny birleşdirýär we  kanýonyň üstünden geçmegiň wagtyny 1 sagat bolanlygyndan 1 minut 30 sekunda çenli gysgaldýar.
Berkligini synagdan geçirmeklik awgust aýynyň ahyrynda bolup, bäş gün dowam etdi. Jemi agramy 3300 tonnadan geçýän 18, 49 we 96 sany ýük ulagy tapgyrlaýyn köprüden geçdiler. Ulagyň hereketiň hakyky şertlerini gaýtalamak üçin ulaglar dürli tizlikde hereket etdiler, saklandylar we tormoz tutdular. Ýükli ýagdaýdaky halyny bellige almak üçin gurluşyň uzaboýuna datçikler oturdyldy.
Köpriniň resmi açylyşy 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär. Işe girizilenden soň onda aýnadan pyýada ýörelgesi, şeýle hem banji-jamping we paraplanerizm üçin meýdançalar peýda bolar. 625 metr beýiklik syýahatçylara sözüň göni manysynda Beýpan derýasynyň depesindäki bulutlaryň üstünde ýöremäge we bökmäge mümkinçilik berer.
Şol bir wagtyň özünde, barlagçylar Ginnesiň Rekordlar kitabyna görä dünýä rekordynyň henizem Fransiýadaky Miýo wiaduky boljakdygyny bellediler, bu ýerde beýiklik gurluşy saklaýjynyň çür başyndan aşaky açyk bölegine çenli ölçenilýär.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......