Midnigt aerotaksisi asmanda 31 minut saklanyp, uçuş dowamlylygy boýunça rekord goýdy

  • 21.08.2025 23:59
  • 6.8k+

Archer Aviation kompaniýasy Midnight uçarynyň rekord synag uçuşyny amala aşyrdy. Enjam howada 31 minut bolup, borty uçarmanly 88 kilometr töweregi ýol geçdi. Bu üstünlik howa taksisiniň täjirçilik hyzmatlaryny ýola goýmakda möhüm ädim boldy diýip, Interesting Engineering ýazýar.

Synag Salinasda (Kaliforniýa) geçirildi. Bu gezek işläp düzüjiler adaty uçuş we gonuş režimini (CTOL) barlady. Midnight dik uçuşy (VTOL) hem goldaýar. Onuň iň ýokary tizligi 203 km/sag, aýratyn režimlerde 241 km/sag barabar. Bu uçuş enjamyň ygtybarlylygyny, energiýa netijeliligini we ses derejesiniň pesdigini tassyklady.
Çärä United Airlines-iň maliýe müdiri Maýk Leskinen gatnaşdy. Awiakompaniýa Archer-iň strategiki hyzmatdaşy bolup, elektrik awiasiýanyň ösdürilmegine işjeň maýa goýýar. Leskinen Midnight-yň sessizliginiň we netijeliliginiň howa taksisini şäher şertlerine ornaşdyrmak üçin laýyk gelýändigini belledi.
Archer indi Midnight-y ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasynda (FAA) tassyklamaga taýýarlanýar. Dört synagdan geçiriji uçarman ygtyýarnama almak üçin yzygiderli maglumat ýygnaýar. Kompaniýa Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiada-2028-de howa taksileri bilen üpjün ediji bolmagy meýilleşdirýär.
Rekord uçuş baradaky habardan soň Archer-iň paýnamalary 7% ýokarlandy.
Midnight 100 km çenli ugurlarda dört ýolagçyny gatnatmaga niýetlenendir we 10-15 minutda zarýad alýar. Ilkinji täjirçilik gatnawlarynyň 2026-2027-nji ýyllarda bolmagyna garaşylýar, ileri tutulýan bazar bolsa Birleşen Arap Emirlikleri bolar. Bu ýerde eVTOL üçin infrastruktura işjeň ösdürilýär.


26.01.2026 16:17
8k+

Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy hakda geň çaklama öňe sürüldi

Nature žurnalynda çap edilen täze ylmy iş taryhçylaryň Gizadaky Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy baradaky garaýyşlaryna täzeden seretmegine sebäp bolup biler. Gözleglerden gelip çykýan netijelere görä, bu ägirt desga gurlan wagtynda diňe bir daşky eňňitler däl, eýsem gurluşyň içinde gizlenen içki agramlyklar we bloklar ulgamy hem ulanylan bolmagy ähtimal...

09.01.2026 11:28
6.3k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

26.12.2025 09:16
7.6k+

Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar

Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy...

23.12.2025 18:27
5.7k+

Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy

Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi...