Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy hakda geň çaklama öňe sürüldi

  • 26.01.2026 16:17
  • 8.2k+

Nature žurnalynda çap edilen täze ylmy iş taryhçylaryň Gizadaky Heopsyň Beýik piramidasynyň gurluşygy baradaky garaýyşlaryna täzeden seretmegine sebäp bolup biler. Gözleglerden gelip çykýan netijelere görä, bu ägirt desga gurlan wagtynda diňe bir daşky eňňitler däl, eýsem gurluşyň içinde gizlenen içki agramlyklar we bloklar ulgamy hem ulanylan bolmagy ähtimal.
Nýu-Ýorkdaky Weill Cornell Medicine merkeziniň doktory Saýmon Andreas Şoýring daş bloklaryň ozal çaklanylyşyndan has çalt ýokary galdyrylandygyna ynanýar. Alymyň hasaplamalaryndan çen tutsaň, käbir pursatlarda bloklaryň galdyrylma tizligi minutda bir bloka çenli ýetipdir. Alymyň pikiriçe, munda işçi  güýji däl-de, agramy 60 tonna ýetýän ägirt uly bloklary ýokary galdyrmak üçin çekiji güýç döredýän typýan agramlyklar esasy orun eýelän bolmaly.

Şoýringiň çaklaýşy boýunça häzirki wagtda «Uly galereýa» we «Beýgelýän geçelge» diýlip atlandyrylýan ýerler, aslynda içki gyşyk eňňitler bolup hyzmat edipdir. Şol eňňitler arkaly agramlyklar aşak sypdyrylyp, desganyň beýleki bölegindäki ýük ýokary galdyrylypdyr. Alym «Uly galereýanyň» diwarlaryndaky dyrnaçaklan we sürtülen ýerleri hut şol agramlyklaryň köp gezekli hereketi bilen baglanyşdyrýar.
Mundan başga-da, patyşanyň otagynyň öňündäki, ozallar gorag maksatly diýlip hasaplanan deslapky otag, Şoýringiň pikiriçe, galdyryjy mehanizmiň esasy iş nokady bolan bolmaly.
Eger bu çaklama tassyklanylsa, piramidany mundan beýläk içinden daşyna tarap gurlan desga diýip hasap etmeli bolarys.


şu gün 11:09
398

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.1k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.3k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......