ABŞ ýene-de hususy kosmos gämilerini uçurmak boýunça rekordy täzeledi

  • 05.07.2025 14:09
  • 3.1k+

ABŞ bir aýda amala aşyrylan täjirçilik kosmos uçuşlarynyň sany boýunça täze rekord goýdy. Federal raýat awiasiýa edarasynyň (FAA) maglumatlaryna görä, iýun aýynda amerikan kompaniýalary jemi 21 uçuşy amala aşyrdy diýip, Space.com habar berýär.

Ähli missiýalar dört kompaniýa –  Blue Origin, Rocket Lab, SpaceX we United Launch Alliance tarapyndan ýerine ýetirildi. Uçuryşlar Kaliforniýada, Floridada, Tehasda we Täze Zelandiýada geçirildi. Olar orbital, suborbital we ekipažly täjirçilik uçuşlaryny öz içine aldy diýip, FAA belledi.
Hususan-da, SpaceX kompaniýasy has işjeň boldy. Oňa 21 missiýanyň 15-isi degişli. Olardan 12 uçuş Ýere golaý pes orbitada Starlink aragatnaşyk hemralaryny ýerleşdirmäge gönükdirildi.
Ýylyň başyndan bäri SpaceX kosmosa 81 gezek raketa çykardy we bir ýylda uçurylýan orbital missiýalaryň sany boýunça öz rekordyny (134) täzeläp biler.
Geçenki aýlyk rekord – 20 uçuş 2024-nji ýylyň noýabrynda hasaba alyndy.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....