Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Wolkan Bozkyr öňde boljak halkara çäreleri maslahatlaşdylar

  • 06.07.2021 08:08
  • 4.5k+

5-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy tamamlanandan soňra ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň binasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. 

Türkmenistanyň DIM-niň internet saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Jenap Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň durmuş we ykdysady häsiýetli anyk başlangyçlar arkaly sebitiň we tutuş dünýäniň ösüşindäki ornuna ýokary baha berdi.

Taraplar pandemiýa, howanyň üýtgemegi we beýlekiler bilen bir hatarda, häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde BMG-niň howandarlygyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşaýyş durmuşynyň we önümçiligiň ileri tutulýan ähli ugurlarynyň özara baglanyşygy hem-de olary bir wagtyň özünde ösdürmegiň zerurlygy bellenildi.

Wekiliýetler şeýle-de şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-26) 26-njy maslahatyna görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy bu çärä işjeň gatnaşmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň DIM-de duşuşyk tamamlanansoň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşdy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......