Türkmenistanda ýakyn günlerde howanyň aşa gyzmagyna garaşylýar

  • 03.07.2021 04:28
  • 37k+

Türkmenistanda ýakyn günlerde howanyň çendenaşa gyzmagyna garaşylýar. Bu barada Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanyna habar berdi.

Türkmen Lideri günüň aşa gyzmagynyň we yssy günlerde günüň aşagynda gezmegiň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyna ünsi çekip, howanyň ýagdaýy baradaky maglumatlary metbugatda hem-de  teleradioýaýlymlarda yzygiderli berilmelidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň agzalary, pudaklaryň we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de raýatlar günüň örän gyzýan wagtlary onuň şöhlesinden goranmak üçin zerur çäreleri görmelidirler diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Türkmen Lideri zerur bolmasa, günüň aşagynda gezmeli däldigini belledi we kiçi ýaşly çagalaryň günüň aşagynda bolýan wagtyny çäklendirip, olaryň gündiz daşarda, açyk howada gezmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.
Ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň dogry we berk berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmek, şunuň bilen baglylykda, ähli ýerde elektrik enjamlaryny aýawly peýdalanmak wajypdyr. Şu kadalary dogry we berk berjaý etsek, biz günüň aşa gyzmagyndan goranyp bileris diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......