CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk içinde ygtybarly hili bilen tanalýar.
Indi bolsa kompaniýa täze önümçiligi ýola goýup, dünýä standartlaryna laýyk gelýän we awtoulagyňyzyň ömrüni uzaldýan motor ýaglary, transmissiýa ýaglary, çalgy ýaglary we antifriz ýaly täze görnüşli önümlerini hödürleýär.
CORALFLY kompaniýasynyň motor ýaglaryna soňky derejeli, täze işlenilip düzülen goşundylar (prisadkalar) goşulyp, olar hereketlendirijiniň ýakymsyz sesini aýyrýar we ýag iýmesini kemeldýär. Bu ýaglar awtoulagyňyzyň motorynyň we transmissiýasynyň saz işlemegi, abat saklanmagy hem-de hatda gyzgyn howa şertlerinde-de goragly bolmagy üçin niýetlenendir.
Häzirki wagtda CORALFLY kompaniýasynyň assortimentinde şu aşakdaky ýaglaryň we antifrizleriň görnüşleri bar:
- Coralfly 0W-20 (SP prisadkaly, doly sintetika, GF-6A standarta laýyk gelýär): turboly we gibrid motorlar üçin niýetlenen.
- Coralfly 0W-40 (SP prisadkaly, doly sintetika, A3/B4): VVTI, GDI, TFSI ýaly güýçlendirilen motorlar üçin niýetlenen. Nemes ulaglarynyň işleýiş şertlerine hem doly çydamly.
- Coralfly 5W-30 (SP prisadkaly, doly sintetika, GF-6A): hereketlendirijä ygtybarly gorag we uzak ömür berýän ýag. Gibrid motorlara-da doly laýyk gelýär.
- Coralfly 5W-40 (SP prisadkaly, doly sintetika, A3/B4): ýokary gyzgynlyga we agyr, kyn şertlere çydamly.
- Coralfly 10W-40 (SN prisadkaly, doly sintetika, A3/B4): ençeme sürüjileriň hereketlendirijilerine em bolan we olaryň uly söýgüsini gazanan ýag.
- Coralfly 20W-50 (SM/CH-4 prisadkaly, ýarym sintetika): uniwersal, ýagny benzin we dizel motorlarynyň ikisi üçin hem niýetlenen.
- Coralfly 15W-40 (CI-4 prisadkaly, doly sintetika): dizel hereketlendirijili ýük awtoulaglara, gurluşyk tehnikalaryna, şeýle-de John Deere ýaly oba hojalyk tehnikalaryna niýetlenen, agyr şertli ulanylyşa çydamly.
- Coralfly ATF III: transmissiýa (korobka) ýagy. Dexron 3 we Mercon standartlaryna doly laýyk gelýär.
- Coralfly ATF WS: görkezijileri Toyota WS kysymly korobka ýagynyň görkezijilerine doly gabat gelýär. Täze model awtoulaglaryň 6 basgançakdan 10 basgançaga çenli awtomat transmissiýasy üçin niýetlenen.
Şeýle hem kompaniýanyň assortimentinde G11 standartly ýaşyl antifrizler we G12+ standartly gyzyl antifrizler hem bar.
CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory öz ýaglarynyň we antifrizleriniň ählisiniň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigine we siziň awtoulaglaryňyzyň motoryny hem-de transmissiýasyny «soňky demine» çenli gorajagyna kepil geçýär.
CORALFLY® — HILI BILEN TANALÝAR!
Habarlaşmak üçin:
- Aşgabat: +993 65 791977; +993 71 837334
- Dükanyň salgysy: ş. Aşgabat, A.Gönübek köç., jaý 103 («Garantiýnyý»), 2-nji gat, 2/02 we 2/03.
- E-mail: coralflyfiltertm@gmail.com
- TikTok: @coralfly_auto_filter


