Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň duşuşygynyň resmi dabarasy geçirildi

  • 28.06.2021 16:19
  • 21k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk meýdançasynda Türkmenistana resmi sapar bilen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy resmi dabara bilen garşyldy. Bu barada Gyrgyz Prezidentiniň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Resmi dabarada iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy. Soňra iki ýurduň Prezidentleri hökümet wekiliýetleri bilen tanyşdyrdy.
Soňra Prezidentleriň ulagy «Oguzhan» köşkler toplumyna geldi. Ulag kerweni atly esgerleriň ugratmagynda köşge geldi. Bu ýerde iki ýurduň Prezidentleriniň ýokary derejedäki gepleşikleri geçirildi.
Öň habar berşimiz ýaly, 27-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......