Büzmeýinde energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi gurulýar

  • 16.06.2021 14:52
  • 9.1k+

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň çäginde energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar.

Energetika ministri Ç.Purçekow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde desganyň baş meýilnamasy, toplumda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, merkeziň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, umumy eýeleýän meýdany 29 müň inedördül metrden gowrak bolan bu merkeziň ulanyşa girizilmegi bilen täze iş orunlary dörär.

Şeýle hem ministr Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde energetika ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu pudakda alnyp barylýan işleriň, ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetlidigine ünsi çekdi.


şu gün 10:01
210

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

25.02.2026 15:51
2.4k+

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 22-nji maýda Aşgabatda bolar. Bu barada GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenko Minskide geçirilen Hemişelik wekilleriň geňeşiniň mejlisinde mälim etdi diýip, THP habar berýär...

21.02.2026 01:58
25k+

Döwlet Baştutany Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek baradaky teklibi makullady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň dowamynda hasabat bilen çykyş eden wise-premýer B...

17.02.2026 02:31
1.4k+

Aşgabatda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialog açyldy

16-njy fewralda Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy boldy. Forum Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen bilelikde guraldy...