Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

  • 16.06.2021 14:37
  • 15k+

15-nji iýunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň barşynda türkmen Lideri Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde Bitarap Türkmenistan we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda taslamalar, täze binalaryň, desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäheriniň çäginde gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän ulag ýollarynyň, ugurdaş desgalaryň işlenip taýýarlanylan taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleri, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň bezeg aýratynlyklary barada hasabat berdi.
Bu ýerde türkmen Lideriniň garamagyna Bitarap Türkmenistan, Türkmenbaşy şaýollarynyň, Nurmuhammet Andalyp hem-de Bekrewe köçeleriniň Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýerinde, şeýle hem Köpetdag şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän köprüleriň mozaika görnüşli bezeginiň teklip edilýän taslamalary hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalardyr çyzgylar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutany gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, köprüleriň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň döredilmeginde we häzirki zaman dizaýn sungatynyň talaplaryna laýyk gelmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň garaýyşlarynyňdyr pikirleriniň öwrenilmelidigine ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Bitarap Türkmenistan şaýolunyň günbatar tarapynda gurulmagy teklip edilýän döwrebap Döredijilik merkeziniň, şonda çagalaryň hem-de uly adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi, sungatyň we medeniýetiň dürli ugurlary, şol sanda nakgaşçylyk, dizaýn sungatlary bilen meşgullanmagy, bu ugurda hünär başarnyklaryny artdyrmagy üçin döredilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, olaryň bezegleriniň çyzgylary hödürlenildi. Merkezi bezemegiň, abadanlaşdyrmagyň we ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwürmegiň aýratynlyklary barada jikme-jik maglumat berildi.
Türkmen Lideriniň garamagyna “Nusaý” myhmanhanasynyň gurulmagy teklip edilýän ýerleriniň çyzgylary, binanyň baş meýilnamasy, oňa degişli birnäçe taslamalar, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän binalaryň, ýollaryň şekil taslamalary hem-de ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi. Şol bir wagtyň özünde paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryňdyr desgalaryň teklip edilýän şekil taslamalary barada hasabat berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, täze gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini nygtady.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabatynyň çäklerinde paýtagtymyzda arassaçylyk, abadançylyk işlerini ýokary derejede alyp barmaga, seýilgählerde zerur şertleri döretmäge, suw çüwdürimleriniň sazlaşykly işini ýola goýmaga, täze bagy-bossanlyklary emele getirmäge gönükdirilen çäreler hakynda giňişleýin maglumat berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparynyň jemini jemläp, ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde işleriň hil babatda halkara ölçeglere gabat gelmeginiň, binalaryň daşky we içki bezeginde milli bezeg ýörelgeleriniň giňden ulanylmagynyň, şäherde amatly ekologiýa ýagdaýyny saklamagyň esasy talapdygyny ýene-de bir gezek belledi.


düýn 18:42
2.7k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......