Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatynyň ýolbaşçy düzümi bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 15.06.2021 15:04
  • 20k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Daşoguz welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda galla oragynyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň barşynda, ilki bilen, wise-premýer E.Orazgeldiýew häzirki döwürde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 591 müň 242 tonna bugdaý hasyly ýygnalyp, bu ugurda bellenilen meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 42,23 göterime deň boldy. Ýokary öndürijiligi bolan galla kombaýnlarynyň jemi 2 müň 111-si gije-gündiziň dowamynda işledilýär.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ak ekinli meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, orak möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň, ýük awtoulaglarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak, galla kabul ediş bölümlerinde hasyly bökdençsiz kabul etmek boýunça işleri talabalaýyk guramakda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.
Welaýatda 145 müň gektar meýdanda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Şu ýyl daşoguzly gallaçylar Watan harmanyna 265 müň tonna bugdaý hasylyny tabşyrmagy meýilleşdirýärler.
Şu güne çenli Watan harmanyna 18 müň 756 gektar meýdandan 34 müň tonnadan gowrak däne ýygnaldy. Bu bolsa bellenilen meýilnamanyň 12,96 göterim ýerine ýetirilendigini, her gektaryň hasyllylygynyň 18,3 sentnere deň bolandygyny aňladýar. Şu möwsümde ýokary öndürijilikli däne kombaýnlarynyň 439-sy bökdençsiz işledilýär, galla kabul ediş bölümleriniň 28-si hereket edýär.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly welaýatyň Görogly etrabynda bugdaý oragynda işleýän kombaýnçy D.Kurtbaýew bilen söhbetdeş boldy.
Döwlet Baştutany, ilki bilen, kombaýnçynyň hal-ýagdaýy, öý-içersi, oba adamlarynyň iş we durmuş şertleri, orak möwsüminiň depginleri, bu ýylky hasylyň derejesi bilen gyzyklandy. Mundan başga-da, türkmen Lideri orak möwsüminde işledilýän oba hojalyk tehnikalarynyň öndürijiligi bilen tanyşdy.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň hem-de onuň etraplarynyň häkimleriniň alyp barýan işleri barada hasabatlaryny jemläp, ösdürilip ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, galla oragynda kombaýnlardyr awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, galla kabul ediş bölümlerinde hasylyň bökdençsiz kabul edilmegini guramak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany bu barada aýdyp, galla oragy bilen bir hatarda, gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini, welaýatda şalynyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


şu gün 09:38
795

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...

şu gün 09:35
535

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi...

düýn 20:33
1.2k+

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi...

düýn 19:56
5.3k+

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi...