Hytaý üç ýaşa çenli çagalar üçin koronawirusa garşy sanjymy tassyklady

  • 10.06.2021 22:47
  • 4.1k+

Hytaýda üç ýaşa çenli çagalar üçin Sinovac koronawirusa garşy sanjymyny gyssagly ulanmaga rugsat berildi. Heniz dünýäde hiç bir ýurduň beýle töwekgelçilikli ädim ätmändigine garamazdan, düzgünleşdiriji (regulýator) şeýle karara geldi diýip, AFP habar berdi.

Netijede, Hytaý bu ýaş kategoriýasy üçin koronawirusa garşy sanjymy tassyklan dünýäde ilkinji ýurt boldy. Derman kompaniýasynyň wekili sanjymyň üç ýaşa çenli çagalar üçin howpsuz diýlip ykrar edilendigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, bäbeklere sanjym kampaniýasynyň haçanrak başlajakdygy belli däl, sebäbi bu kararyň halk köpçüliginiň garşylygy bilen hem ýüzbe-ýüz bolmagy ähtimal diýip, çeşme ýazýar.
Ondan öň Ýewropanyň derman serişdeleri agentligi 12-15 ýaşly çagalara sanjym etmek üçin Pfizer-iň ulanylmagyny resmi taýdan tassyklapdy. Öndürijiler bu sanjymyň şu ýaş topary üçin 100% täsirliligini nygtaýarlar.


03.04.2026 20:56
11k+

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy

Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar......

22.03.2026 15:20
3.3k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

28.02.2026 19:43
17k+

60 millionda biri: Hytaýda ýaş zenan tebigy göwrelilik bilen bäşem çaga dünýä indirdi

Hytaýyň Uhan şäherinde 26-njy fewralda lukmanlaryň «täsinden täsin» diýlip atlandyran hadysasy bolup geçdi. Sinzýan-Uýgur awtonom sebitiniň 24 ýaşly Dili atly ýaşaýjysy birbada bäş çaganyň — dört gyzyň we bir oglanyň enesi boldy...

30.01.2026 11:41
9.6k+

Hindistanda Nipah wirusynyň ýüze çykmagy sebäpli Aziýanyň howa menzillerinde gözegçilik güýçlendirildi

Hindistanyň Günbatar Bengaliýa ştatynda Nipah wirusy bilen kesellemegiň iki ýagdaýy ýüze çykarylandan soň, birnäçe Aziýa ýurtlarynyň howa menzillerinde sanitar gözegçiligi güýçlendirildi. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär...