Türkmenistanyň metjitlerinde öňüni alyş çäreleriniň möhleti uzaldylýar

  • 02.09.2020 18:18
  • 20k+

Türkmenistanyň Hökümeti metjitlerde öňüni alyş çäreleriniň möhletini 1-nji oktýabra çenli uzaltdy. Ýurtda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, şeýle karara gelindi. Bu barada Turkmenportal agentligi habar berýär.

Çäklendirmeler zyýarat edilýän ýerlerde hem ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Müftüliginde habar berişleri ýaly, bu çäklendirmeler Türkmenistanyň müftüsiniň 13-nji iýuldaky 4213 belgili buýrugynyň uzaldylmagy esasynda kabul edildi. Şeýle hem bu çäreler Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary toparynyň şu ýylyň 26-njy awgustyndaky kararyna laýyklykda kabul edildi.

Belläp geçsek, metjitleri ilkibaşda 1-nji awgustda açmak meýilleşdirilýärdi. Ýöne ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen hökümet çäklendirmeleriň möhletini uzaltdy. Şeýle hem, BSGG-niň 6-15-nji iýul aralygynda ýurdumyzda bolan missiýasy Ministrler Kabinetine ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça goşmaça çäreleri görmegi maslahat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, iri söwda merkezleri, bazarlar, edaralar we hyzmatlar pudagyndaky kärhanalar, sport desgalary hem-de jemgyýetçilik naharhanalary ýapyldy. Azyk we gündelik harytlar satylýan dükanlar bolsa öz işini dowaam etdi.
Şeýle hem ýurduň içindäki demir ýol gatnawlarynyň togtadylmagy 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy. Içerki uçuşlarda lukmançylyk şahadatnamasyny görkezmek düzgüni ýola goýuldy. Halkara gatnawlary bolsa 30-njy sentýabra çenli ýatyryldy.
Ministrler Kabineti we BMG ýokanç kesellere garşy göreş meýilnamasyny taýýarlady, ol 1 milliard dollar möçberinde bahalandyryldy.

23.05.2026 23:48
3k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

23.05.2026 15:57
6.5k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.6k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.6k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....