Türkmenistanda käbir etraplaryň, şäherleriň we beýleki ilatly nokatlaryň atlary üýtgediler

  • 23.10.2022 17:00
  • 28k+

22-nji oktýabrda welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde ýurdumyzyň ilatynyň oba ýerleriniň taryhy atlarynyň dikeldilmegi bilen bagly tekliplerini, haýyşnamalaryny göz öňünde tutup, ýurdumyz boýunça 2 sany etrabyň, 3 sany şäheriň, 4 sany şäherçäniň, 3 sany geňeşligiň hem-de 21 obanyň adyny üýtgetmek boýunça teklipleriň taýýarlanandygy barada habar berildi.

Hususan-da üýtgetmeler şulardan ybarat:
Balkan welaýaty boýunça

Serdar etrabynyň we Serdar şäheriniň adyny üýtgedip, olara taryhy adyny, ýagny Gyzylarbat adyny dakmak hem-de etrap hukukly Serdar şäheriniň hukuk derejesini üýtgedip, oňa etrapdaky şäher derejesini bermek we ony Serdar etrabynyň düzümine geçirmek teklibi öňe sürüldi.

Daşoguz welaýaty boýunça
Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky geňeşligiň Galkynyş obasynyň adyny üýtgedip, Baglyk adyny; O.Ärsaryýew adyndaky geňeşligiň Ataýap obasynyň adyny üýtgedip, O.Ärsaryýewiň; Mollanepes adyndaky geňeşligiň Garaşsyzlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Täzemekan; Atçapan geňeşliginiň Azatlyk obasynyň adyny üýtgedip, Bereketli; Sähra geňeşliginiň Gurbansoltan eje adyndaky obasynyň adyny üýtgedip, Ýeketut atlaryny dakmak teklip edilýär.
Şeýle hem Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl abadanlyk geňeşliginiň Abadanlyk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ýagty ýol, Berkararlyk obasynyň adyny üýtgedip, Agzybirlik; Almalyk geňeşliginiň Babadaýhan obasynyň adyny üýtgedip, Sähra, Derýalyk obasynyň adyny üýtgedip, Gülzar, Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ýalkym; Aşgabat geňeşliginiň Döwletli obasynyň adyny üýtgedip, Ýüpek ýoly; Görogly etrabynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky geňeşligiň adyny üýtgedip, oňa Bedirkent; Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň A.Kakabaýew adyndaky geňeşligiň Akjadepe obasynyň adyny üýtgedip, oňa A.Kakabaýew; Gurbansoltan eje adyndaky geňeşligiň adyny üýtgedip, oňa Gyzyljagala; Gallaçy geňeşliginiň Saparmyrat Nyýazow adyndaky obasynyň adyny üýtgedip, Gallaçy; Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Gurbansoltan eje adyndaky şäheriniň adyny üýtgedip, oňa Andalyp; R.Ataýew adyndaky geňeşligiň Päkize obasynyň adyny üýtgedip, oňa R.Ataýew; Altyn asyr geňeşliginiň Atamyrat aga obasynyň adyny üýtgedip, oňa Galalygyr;  S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň hem-de onuň Nyýazow şäheriniň adyny üýtgedip, Şabat; S.Rozmetow adyndaky geňeşligiň Gülüstan obasynyň adyny üýtgedip, oňa S.Rozmetow atlaryny dakmak kararyna gelindi.

Lebap welaýaty boýunça
Saýat etrabynyň Tejribeçiler geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa  Çarbagdepe; Awçy geňeşliginiň Lebap obasynyň adyny üýtgedip, oňa Lebapoba; Çekiç geňeşliginiň Täzeoba obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagtyýarlyk; Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, oňa Abadan; Çärjew etrabynyň  Kölaryk geňeşliginiň Ýalkym obasynyň adyny üýtgedip, oňa Ak altyn; Bereket geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň adyny üýtgedip, Rowaçlyk; N.Gutlyýew adyndaky geňeşligiň Magtymguly obasynyň adyny üýtgedip, Magtymguly Pyragy; Köýtendag etrabynyň  Garnas geňeşliginiň Ýaşlyk obasynyň adyny üýtgedip,  Balh; Garnas geňeşliginiň Dostluk obasynyň adyny üýtgedip, Çarşaňňy atlaryny dakmak teklip edilýär.

Mary welaýaty boýunça
Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşliginiň Ýeňiş obasynyň adyny üýtgedip, oňa Bagçylyk adyny dakmak teklip edilýär.


14.04.2026 14:07
8.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti meýdan we gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlarda alnyp barylýan häzirki......

11.04.2026 23:33
8.3k+

Hökümet mejlisinde Lebap welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalar barada maglumat berildi

10-njy aprelde Lebap welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň meselelerine hem......

08.04.2026 07:24
14k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

30.03.2026 23:19
8.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk ministri we welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde......