Saud Arabystany Dünýä çempionaty-2022-niň janköýerlerini ýurda muzdsuz goýberer

  • 15.10.2022 09:44
  • 16k+

Saud Arabystanynyň hökümeti futbol boýunça dünýä çempionatyny görmäge Katara gelýän, Fan ID şahadatnamasy bolan janköýerleri ýurda mugt goýberer diýip, hökümetiň kararyna salgylanýan Saud agentliginiň täzelikleri habar berýär.

Katarda Hayya card diýip atlandyrylýan Fan ID janköýerlere dünýä çempionatynyň oýnuna barmak we ýurda girmek üçin zerur.
Janköýerlere elektron wizalary resmileşdirmek boýunça ähli çykdajylary Saud Arabystany öz üstüne alýar diýip, habarda aýdylýar.
Ozal Saud Arabystanynyň daşary işler ministrligi Katardaky janköýerleriň milli wiza platformasynyň üsti bilen 60 günlük elektron wiza almak arkaly, patyşalyga gelip görüp biljekdiklerini mälim edipdi. Şunlukda olar çempionat başlanmazyndan on gün öňinçä patyşalyga gelmäge mümkinçilik alarlar we olara ondan öň Katara barmak hökman däl.
Katarda dünýä çempionaty 20-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçer. 


21.11.2025 23:28
9.2k+

Dubaýda Joby howa taksisi ilkinji gatnawyny amala aşyrdy

Joby Aviation amerikan kompaniýasy BAE-de iki nokadyň arasynda özüniň elektrik uçýan enjamynyň ilkinji adamly uçuşyny amala aşyrdy. Dik uçuş enjamy Margamdaky synag bazasyndan uçup, Al-Maktum halkara howa menziline gondy – uçuş 17 minut dowam etdi diýip, Business Wire habar berýär...

20.11.2025 12:23
4.6k+

WIPO guramasynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň "akylly" şäherleriniň Top-7-ligi (2025)

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy (WIPO) 2025-nji ýylyň Global innowasiýa indeksini çap etdi we tehnologiýalara işjeň maýa goýýan hem-de olary durmuşa ornaşdyrýan iň "akylly" şäherleri kesgitledi. Gözleg San-Fransiskodan Şençžene çenli dünýä patentleriniň 70%-den gowragyny öz içine alýan ýüz sany innowasiýa merkezini öz içine alýar...

18.11.2025 11:09
8.7k+

Dubaýda dünýädäki iň beýik otel ilkinji myhmanlaryny kabul etdi

Dünýäde iň beýik otel diýlip resmi taýdan ykrar edilen Dubaýdaky täze Ciel Dubai Marina oteli ilkinji myhmanlaryny kabul etdi diýip, The National neşiri ýazýar. Binanyň gurluşygyna 2 mlrd dirham (544 mln dollar) sarp edildi...

11.11.2025 14:18
3.3k+

Türkmenistanyň medeniýet ministri Er-Riýadda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşýar. Mejlis 7–11-nji noýabr aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýär...