Serdar Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň düýbüni tutdy

  • 08.08.2022 18:50
  • 28k+

Şu gün Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze, döwrebap awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanyny Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi garşylady. 
Serdar Berdimuhamedow Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi. Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 16-njy iýunynda kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354, ini 21 metre deň bolan, iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat awtomobil köprüsiniň taslamasyny taýýarlamak we gurmak göz öňünde tutuldy. Ol umumy uzynlygy 2 müň metre ýetýän eltiji ýollaryň gurluşygyny hem öz içine alar. Taslamany bu ugurda köpýyllyk tejribesi bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti amala aşyrar. 

«Altkom» maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenkonyň çykyşyndan soň bolsa täze awtomobil köprüsi bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi. 
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow şu günki şanly waka mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyryp, ony ýörite guta ýerleşdirdi. Asylly däbe görä, döwlet Baştutany gutyny täze gurluşygyň binýadyna atyp, awtomobil köprüsiniň ilkinji betonyny guýdy.
Ýeri gelende bellesek, bu täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ugur boýunça çykmaga amatly şertleri döreder. 


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......