Türkmenistan ABŞ bilen howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýär

  • 31.07.2022 15:25
  • 10k+

30-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada TDIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew duşuşygy açmak bilen, bu duşuşygyň howpsuzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin geljekki geňeşmeleriň esasy bolup durýandygyny belledi.
Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly howplara we beýleki hereketlere garşy göreşmegiň netijeliliginiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek, maglumat howpsuzlygyny güýçlendirmek çäreleri özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.
Owganystanda parahatçylygy saklamak meselesine aýratyn üns berildi. W.Hajiýew Türkmenistanyň Owganystanyň syýasy we ykdysady durnuklylygyna hem-de agzybirligine we gülläp ösmegine gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Şu nukdaýnazardan, "Merkezi Aziýa + ABŞ" we "Türkmenistan-ABŞ-Owganystan" ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatlarynyň netijeliligi bellenildi.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......