Harydyňy ýa ýüküňi 1 günde Türkmenistanyň islendik künjegine nädip ýetirip bolar?

  • 07.07.2022 17:54
  • 40k+

Gadymy Kerwen (GK) hususy kärhanasy ýükleri şäher içi we welaýatlaryň arasynda eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. GK bu ugurda hyzmatlary gysga wagtda (1 günde) hem-de kepillikli ýerine ýetirýän Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan kärhana bolup durýar. 

Gadymy Kerwen HK-nyň hyzmatlaryndan islendik raýat, kärhana ýa-da onlaýn dükanlar peýdalanyp biler.
Eltip bermek hyzmaty bir welaýatyň içine 1 günüň dowamynda, beýleki welaýatara bolsa 2 günüň dowamynda amala aşyrylýar.

Harydyňy şäher içine ýa-da Türkmenistanyň islendik ýerine ibermek üçin müşderi näme etmeli?

  • Her gün 09:00-dan 16:00-a çenli müşderi GK ýüz tutup, talapnama berýär;
  • GK-nyň işgärleri her gün 13:00-dan 16:00-a çenli talapnamalar boýunça ýurdumyzyň ähli künjeginden iberilmeli harytlary ýygnap çykýarlar;
  • Talapnama berlenden soň, ertesi gün GK-nyň işgärleri harydy eltip bermeli ýerine ýetirýärler.

Hyzmatlaryny kepillikli hem-de amatly bahadan hödürleýän Gadymy Kerwen HK sargydyň barmaly ýerine aýawly hem bökdençsiz ýetirilmegini üpjün edýär. Munuň üçin, iberilmeli ýük kabul edilende gözden geçirilip, ýörite gol çekilip alynýar we gaplanylýar.

Gadymy Kerwen gök önümleri, et-süýt, ýumurtga önümlerini, partlaýjy jisimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Kanunynda gadagan edilen zatlary iberip bolmaýandygyny müşderilerine ýatladýar. 

Nyrhnamalar nähili
40*30*30 sm göwrümdäki 1-4 kg-a çenli ýükleri Türkmenbaşy, Mary, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerine ibermegiň bahasy — 50 manat möçberinde kesgitlenen. Beýleki ilatly nokatlara çenli ibermegiň nyrhlary goşmaça kesgitlenilýär (iň uzak aralygyň bahasy — 100 manat). 4 kg-dan agyr agramdaky harydyň her kilogramyna goşmaça 10 manat töleg alynýar.

Gadymy Kerwen HK şeýle hem Hytaý, BAE, Türkiýe döwletlerinden sargyt boýunça islendik harydy gözläp tapyp bermek, şertnama esasynda getirip bermek hyzmatlaryny hem amala aşyrýar.

Bulardan başga-da, Gadymy Kerwen HK GDA we beýleki ýurtlara logistika hyzmatlaryny hem hödürleýär. 

Gadymy Kerwen HK ýakyn wagtda mobil goşundysyny hem müşderiler üçin elýeterli eder. «KERVVEN» atly mobil goşundyny müşderiler Play Market-den we App Store-den ýükläp alyp bilerler.

Telefon belgileri: +99363-06-66-99+99361 10-81-77+99365 22-35-75
Logistika we Daşary ýurt hyzmatlary üçin: +99361190801
Instagram: @gadymy_kerwen
Tmzon: gadymy_kerwen
Salgysy: Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi, jaý 86, «Gujurly ýaşlar» binasy


23.06.2025 08:47
12k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (23.06 - 29.06)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser...

30.05.2025 13:16
10k+

“Bir Supra” çörek önümleri dükany Gurban baýramy mynasybetli arzanlaşyk yglan etdi

Aşgabatda «Bir Supra» ady bilen hereket edýän çörek we çörek önümleri dükanlary Gurban baýramy mynasybetli däp bolan arzanlaşyk aksiýasyny yglan etdi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen arzanlaşyklar bu ýyl iýun aýynyň 1-inden 30-y aralygynda hereket eder...

27.05.2025 19:55
8.6k+

Bambuk gülüniň saglyga peýdasy we ideg edilişi

Bambuk (köplenç "lucky bamboo" diýlip atlandyrylýar, botanik atlary Dracaena sanderiana ýa-da Dracaena braunii) güli diňe bir gözellik bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşaýyş gurşawymyza we ynsan saglygyna oňyn täsir edýän aýratynlyklara hem eýedir...

23.05.2025 17:02
4.9k+

“Kitap” bilim merkezinde tomusky okuwlara 50%-den 100%-e çenli arzanlaşyk bilen ýazylyp bolýar

“Kitap” bilim merkezinde täze okuw möwsümi üçin ýazylyşyk başlady! Okuwlar 10-njy iýunda başlanýar. Bilim merkezinde şu ugurlar boýunça okuwlar hödürlenýär: DIL okuwlary: Iňlis dili Rus dili Nemes dili Fransuz dili Hytaý dili TOEFL/IELTS (Halkara synaglaryna taýýarlyk) PROGRAMMIRLEME: Flutter GUI/GUI Kit Cisco Packet Tracer C++/C# Python Go (Golang) JavaScript (Front-End Back-End, Node...