Harydyňy ýa ýüküňi 1 günde Türkmenistanyň islendik künjegine nädip ýetirip bolar?

  • 07.07.2022 17:54
  • 41k+

Gadymy Kerwen (GK) hususy kärhanasy ýükleri şäher içi we welaýatlaryň arasynda eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. GK bu ugurda hyzmatlary gysga wagtda (1 günde) hem-de kepillikli ýerine ýetirýän Türkmenistanda ygtyýarlandyrylan kärhana bolup durýar. 

Gadymy Kerwen HK-nyň hyzmatlaryndan islendik raýat, kärhana ýa-da onlaýn dükanlar peýdalanyp biler.
Eltip bermek hyzmaty bir welaýatyň içine 1 günüň dowamynda, beýleki welaýatara bolsa 2 günüň dowamynda amala aşyrylýar.

Harydyňy şäher içine ýa-da Türkmenistanyň islendik ýerine ibermek üçin müşderi näme etmeli?

  • Her gün 09:00-dan 16:00-a çenli müşderi GK ýüz tutup, talapnama berýär;
  • GK-nyň işgärleri her gün 13:00-dan 16:00-a çenli talapnamalar boýunça ýurdumyzyň ähli künjeginden iberilmeli harytlary ýygnap çykýarlar;
  • Talapnama berlenden soň, ertesi gün GK-nyň işgärleri harydy eltip bermeli ýerine ýetirýärler.

Hyzmatlaryny kepillikli hem-de amatly bahadan hödürleýän Gadymy Kerwen HK sargydyň barmaly ýerine aýawly hem bökdençsiz ýetirilmegini üpjün edýär. Munuň üçin, iberilmeli ýük kabul edilende gözden geçirilip, ýörite gol çekilip alynýar we gaplanylýar.

Gadymy Kerwen gök önümleri, et-süýt, ýumurtga önümlerini, partlaýjy jisimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Kanunynda gadagan edilen zatlary iberip bolmaýandygyny müşderilerine ýatladýar. 

Nyrhnamalar nähili
40*30*30 sm göwrümdäki 1-4 kg-a çenli ýükleri Türkmenbaşy, Mary, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerine ibermegiň bahasy — 50 manat möçberinde kesgitlenen. Beýleki ilatly nokatlara çenli ibermegiň nyrhlary goşmaça kesgitlenilýär (iň uzak aralygyň bahasy — 100 manat). 4 kg-dan agyr agramdaky harydyň her kilogramyna goşmaça 10 manat töleg alynýar.

Gadymy Kerwen HK şeýle hem Hytaý, BAE, Türkiýe döwletlerinden sargyt boýunça islendik harydy gözläp tapyp bermek, şertnama esasynda getirip bermek hyzmatlaryny hem amala aşyrýar.

Bulardan başga-da, Gadymy Kerwen HK GDA we beýleki ýurtlara logistika hyzmatlaryny hem hödürleýär. 

Gadymy Kerwen HK ýakyn wagtda mobil goşundysyny hem müşderiler üçin elýeterli eder. «KERVVEN» atly mobil goşundyny müşderiler Play Market-den we App Store-den ýükläp alyp bilerler.

Telefon belgileri: +99363-06-66-99+99361 10-81-77+99365 22-35-75
Logistika we Daşary ýurt hyzmatlary üçin: +99361190801
Instagram: @gadymy_kerwen
Tmzon: gadymy_kerwen
Salgysy: Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi, jaý 86, «Gujurly ýaşlar» binasy


11.05.2026 09:43
9.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6.1k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....