Hazar "bäşliginiň" daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda duşuşdylar

  • 29.06.2022 05:47
  • 5.3k+

28-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. VI Hazar sammitiniň öň ýanynda guralan bu duşuşyk Hazarýaka sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de nobatdaky sammite taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi. 

Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Huseýn Amir Abdullahian, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem-de Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi türkmen paýtagtyna geldiler.

Nobatdaky duşuşygyň çäginde taraplar ertir geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler, hususan-da, Hazarýaka sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady gatnaşyklary, şol sanda ulag, söwda, energetika, maliýe ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şunda Hazar deňzinde ekologiýa ugurly hyzmatdaşlyga hem möhüm orun degişlidir.

«Sebit we dünýä ýagdaýlarynyň üýtgäp durýan häzirki döwründe Hazarýaka hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary mizemezligine galýar. Şunda pugta, uzak möhletleýin parahatçylygy we durnuklylygy, toplumlaýyn hem-de bölünmez howpsuzlygy üpjün etmek binýatlaýyn ýörelgeler hasaplanýar» diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri öz çykyşynda biziň ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik ulgamdaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini aýratyn nygtady.

Bellenilişi ýaly, kenarýaka ýurtlar Hazar deňzini syýasy agzalalykdan, bolup biläýjek gapma-garşylyklardan, düşünişmezlikden we ynanyşmazlykdan azat giňişlik hökmünde saklamagyň, ony daşarky howplardan hem-de wehimlerden, hususan-da, terrorçylykdan, guramaçylykly transmilli jenaýatçylykdan, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyndan, beýleki wehimlerden goramagyň zerurdygyna oňat düşünýärler. Bu işde syýasy-diplomatik gurallara möhüm orun berilýär. Taraplaryň pikirine görä, daşary işler ministrleriniň duşuşyklaryny yzygiderli esasda geçirip, bu gurallary işjeňleşdirmek we güýçlendirmek zerurdyr. Munuň özi bolup geçýän wakalar babatda öz wagtynda hem-de dogry hereket etmäge, ýakyn we uzak möhletleýin geljek üçin bilelikdäki işleri meýilleşdirmäge mümkinçilik berer. Hazar «bäşliginiň» daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary VI Hazar sammitiniň netijeleri boýunça kabul ediljek jemleýji resminamanyň taslamasynda göz öňünde tutulýan wezipeler barada-da jikme-jik pikir alyşdylar.

Duşuşygyň yzysüre metbugat wekillerine ýüzlenmesinde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şular hakynda aýdyp, şu günki mejlisiň dowamynda taraplaryň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýada beýan edilen ähli ýörelgeleriň wajypdygyny hem-de kenarýaka ýurtlaryň olara ygrarlydygyny tassyklandyklaryny belledi.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......