BSGG: maýmyn mamasy dünýä derejesindäki adatdan daşary ýagdaý däl

  • 27.06.2022 13:31
  • 17k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maýmyn mamasy boýunça komiteti häzirki wagtda bu keseliň ýaýrawy saglygy goraýyş pudagynda halkara derejesine eýe bolan adatdan daşary ýagdaý däl diýen netijä geldi. Bu barada şenbe güni komitetiň mejlisinden soň ýaýradylan beýanda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“[Komitetiň] birnäçe agzasynyň dürli pikiri öňe sürendigine garamazdan, komitet ylalaşyk esasynda BSGG-niň baş direktoryna häzirki tapgyrda bu ýaýrawyň jemgyýetçilik saglygy goraýyş pudagynda halkara derejesine eýe bolan adatdan daşary ýagdaý hökmünde häsiýetlendirilmeli däldigi baradaky teklibi hödürlemek kararyna geldi” – diýlip, resminamada bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler maýmyn mamasynyň häzirki ýaýrawynyň “adatdan daşary häsiýete” eýedigini we şunuň bilen baglylykda, ýokanjyň “mundan beýläkki ýaýrawynyň öňüni almak” maksady bilen oňa “jogap gaýtarmak boýunça güýçli tagallalaryň” zerurdygyny bellediler. Olar birnäçe hepdeden täze maglumatlary göz öňünde tutup, ony gaýtadan seljerer ýaly epidemiologiki ýagdaýa düýpli gözegçiligi alyp barmagy maslahat berdiler. Komitetiň agzalary bu döwürde ýagdaýyň düýpli üýtgejekdigini we munuň häzirki tapgyrda bu ýaýrawy halkara derejesine eýe bolan adatdan daşary ýagdaý hökmünde hasaplamazlyk baradaky teklibiň gaýtadan seredilmegine getirjekdigini inkär etmeýärler.
Komitetiň mejlisinde çykyş eden BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus maýmyn mamasynyň BSGG-niň bäş sebitinde 50-den gowrak ýurtda ýüze çykarylandygyny habar berdi. Maý aýyndan bäri, umuman, 3 müňden gowrak kesel hadysasy ýüze çykaryldy. 


düýn 19:35
3.3k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......

27.05.2026 10:15
5.6k+

«Mehanika» sürmek demensiýa garşy göreşde peýdaly bolup çykdy

Mehaniki geçiriş gutuly awtoulaglary sürmeklik ýaşuly sürüjilerde ýaş bilen bagly kognitiw bozulmalaryň töwekgelçiligini azaldyp biler. Tohoku uniwersitetiniň professory Rýuta Kawasimanyň ýolbaşçylygyndaky......

26.05.2026 07:09
2.9k+

Alymlar depressiýany anyklamak üçin oýun işläp düzdüler

Nýu-Ýork uniwersitetiniň Langon Hells lukmançylyk merkeziniň alymlary depressiýany sanlyja minutda anyklamaga mümkinçilik berýän kompýuter oýnuny işläp düzdüler. Medical Press neşiriniň ýazmagyna görä, oýnuň......

24.05.2026 23:22
2.9k+

Alymlar hapa suwlarda düwnük dörediji wiruslary tapdylar: indi olary yzarlamak kyn bolmaz

Beýlor lukmançylyk kollejiniň we Tehas uniwersitetiniň alymlary taryhda ilkinji gezek şäherleriň hapa suwlarynyň içinde adamlarda howply çişleriň döremegine sebäp bolýan esasy wiruslaryň hemmesini birden......