Ilon Mask we onuň kompaniýalary Dogecoin-piramidasyny döretmekde aýyplandy

  • 17.06.2022 18:59
  • 15k+

Ilon Maska hem-de onuň Tesla, Space Exploration Technologies Gorp (SpaceX) kompaniýalaryna Dogecoin kriptowalýutasyny öňe sürendikleri üçin 258 mlrd dollarlyk kazyýet arzasy bildirildi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

Arzaçy Kit Jonson Mask bilen onuň kompaniýasynyň Dogecoin-niň bahasyny galdyrmak üçin aldawçy tilsimi döredendiklerini tassyklaýar.

«Günäkärlenýärler, Dogecoin kriptowalýutasynyň hiç hili gymmatynyň ýokdugyna garamazdan, onuň göwnejaý maýa goýum hasaplanýandygyny ýalançylyk bilen tassykladylar» diýip, Manhetteniň federal kazyýetine berlen talap arzasynda aýdylýar.

«Kezzaplykda aýyplanýanlar tarapyndan döredilen kriptopiramida sebäpli puluny giderendigini» tassyklaýan Jonson onuň talap arzasyny köpçüligiň hem goldajakdygyna we bu işe 2019-njy ýylyň aprelinden bäri Dogecoin söwdasynda serişdesini ýitiren beýleki adamlaryň hem goşulyşjakdygyna bil baglaýar.
Ýitgisiniň öweziniň dolunmagy bilen birlikde, ol kazyýetiň Maska we onuň kompaniýalaryna Dogecoin-i öňe sürmegi gadagan etmegi talap edýär.
Siba-inu tohumyndan bolan itli Doge internet-meminiň hormatyna 2013-nji ýylda döredilen kriptowalýuta penşenbe güni 0,057 dollar derejesinde söwdalaşyldy, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri onuň bahasy 67% düşdi. Geçen ýyl Dogecoin-iň nyrhy 0,74 dollara çenli ýokary galdy.


düýn 15:29
651

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...