Google iPhone-da Google TV-ni işe girizdi

  • 02.06.2022 15:19
  • 8.6k+

Google kompaniýasy ahyry iOS platformada işleýän Apple mobil gurluşlary üçin Google TV goşundysyny goýberdi.

Android üçin Google TV goşundysy baryp 2020-nji ýylda ilkinji gezek peýda boldy. Ol Google Play Movies and TV-niň (Google Play filmler) ornuna gelýär.
iOS üçin Google TV goşundysy, Android üçin niýetlenen wersiýadaky ýaly, smartfony Google TV ýa-da  Android TV-niň esasyndaky gurluşlar üçin uzak aralykdan dolandyrmagyň düwmeleri hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär we beýleki amatlyklar bilen birlikde, görmek islenilýän filmleriň we telegepleşikleriň adyny girizmegi aňsatlaşdyrýar.
Şeýle hem goşundyda ähli serwis akymlaryndan temasy we žanry boýunça tertibe salnan filmleri we seriallary gözlemek, görlenleriniň sanawyny düzmek, şonuň ýaly-da maslahatlary almak bolar.
iOS üçin Google TV goşundyny App Store-den mugt ýükläp bolýar.


22.03.2026 04:18
2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

22.03.2026 04:00
2.7k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
870

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...