Google iPhone-da Google TV-ni işe girizdi

  • 02.06.2022 15:19
  • 8.6k+

Google kompaniýasy ahyry iOS platformada işleýän Apple mobil gurluşlary üçin Google TV goşundysyny goýberdi.

Android üçin Google TV goşundysy baryp 2020-nji ýylda ilkinji gezek peýda boldy. Ol Google Play Movies and TV-niň (Google Play filmler) ornuna gelýär.
iOS üçin Google TV goşundysy, Android üçin niýetlenen wersiýadaky ýaly, smartfony Google TV ýa-da  Android TV-niň esasyndaky gurluşlar üçin uzak aralykdan dolandyrmagyň düwmeleri hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär we beýleki amatlyklar bilen birlikde, görmek islenilýän filmleriň we telegepleşikleriň adyny girizmegi aňsatlaşdyrýar.
Şeýle hem goşundyda ähli serwis akymlaryndan temasy we žanry boýunça tertibe salnan filmleri we seriallary gözlemek, görlenleriniň sanawyny düzmek, şonuň ýaly-da maslahatlary almak bolar.
iOS üçin Google TV goşundyny App Store-den mugt ýükläp bolýar.


düýn 21:33
4.9k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

düýn 16:25
2.7k+

Höwesjeňler iPhone-da gizlin hereket usulyny tapdy

Cult of Mac ýöriteleşdirilen blogyň žurnalistleri iPhone bilen işlemegi ýeňilleşdirýän gizlin hereket usuly barada habar berdiler. Olar iOS ulgamynda birbada birnäçe elementi bellemäge mümkinçilik berýän aýratyn hereket usuly bardygyny belläp, bu aýratynlygy iMessage messenjerini ulanmak arkaly görkezdiler...

23.02.2026 13:23
4.4k+

Caviar sap altyndan iPhone Air çykarar: bahasy tas $39 müň

Caviar lýuks brendi iPhone Air esasynda döredilen täze we eksklýuziw Airline smartfonlar toplumyny çykarjagyny mälim etdi. Bu barada GSMArena.com portaly habar berýär. Kompaniýa enjamyň asyl ýeňilligini saklap, ony gymmat bahaly metallar bilen baýlaşdyrdy...

22.02.2026 22:29
4.7k+

Muny diňe Apple başarýar! Çykanyna 23 ýyl bolan iBook G4 noutbugy häzirem täzelemeleri kabul edýär

Baryp, 2003-nji ýylda çykarylandygyna garamazdan, Apple iBook G4 noutbugynyň heniz hem Apple-iň resmi serwerlerine birigip, täzeleme bukjalaryny indirip bilýändigi mälim boldy.  Bu model üçin resmi howpsuzlyk goldawy 2011-nji ýylda bes edilipdi, ýöne Apple ençeme ýyl soň hem noutbugyny işletmek kararyna gelenler üçin köne düzedişleri saklamagyny we paýlamagyny dowam etdirýär...