Gurbanguly Berdimuhamedow «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglanyldy

  • 20.05.2022 08:32
  • 11k+

19-njy maýda Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglanyldy.  Gahryman Arkadagymyz bu ýokary döwlet sylagyna Tatarystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky aýratyn hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurmak dabarasy Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň Kabulhanasynda geçirildi. 
Prezident Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly ordeni gowşuryp, şu mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz minnetdarlyk sözi bilen çykyş edip, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň bu ýokary döwlet sylagyny kabul etmegiň özi üçin uly hormatdygyny, ony doganlyk Tatarystanyň biziň ýurdumyza we türkmen halkyna uly hormatynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady. 


düýn 19:38
4.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......