Yssydan soň, Türkmenistanda temperaturanyň aşaklap, ýagşyň ýagmagyna garaşylýar

Yssydan soň, Türkmenistanda temperaturanyň aşaklap, ýagşyň ýagmagyna garaşylýar

Anna we şenbe günleri boljak yssydan soň, Aşgabatda we Ahal welaýatynda temperaturanyň birden aşaklamagyna we ýagşyň ýagmagyna garaşylýar diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär.

Eger şenbe güni termometriň sütünjigi +34-i görkezse, eýýäm ýekşenbe güni gündizine temperaturanyň aňrybaş derejesi +22-ä çenli peseler diýip garaşylýar we 2,1 mm-e çenli ygalyň düşmegi mümkin. Hepdäniň başyndaky günlerde hem  ýagşyň ýagmak ähtimallygy ýokarydyr we temperaturanyň +22 - +25 dereje bolmagyna garaşylýar. 

Balkan welaýatynda şenbe güni 5,6 mm-e çenli ygalyň düşmegi mümkin, gündizine temperaturanyň aňrybaş görkezijisi +27-ä çenli aşaklar. Ýekşenbe güni hem az-kem ýagynly bolar diýip çaklanylýar, şol gün termometriň sütünjiginiň görkezijisi bolsa +25 derejeden ýokary bolmaz. 

Şenbe güni Daşoguz welaýatynda howa bulutly bolar, ýöne ýagyn ýagmaz we temperaturanyň derejesi peselmez diýip çaklanylýar. Ýekşenbe güni tizligi sekuntda 15 metre ýetýän güýçli şemal öwser diýip garaşylýar, temperatura +24 derejä çenli peseler.

Mary welaýatynda dynç günleri howa  sähelçe salkynlar. Şenbe güni howa +35 dereje bolar diýip çaklanylsa, ýekşenbe güni ol bary-ýogy +32-ä çenli peseler diýip garaşylýar. Şeýle hem hepdäniň ahyrky güni güýçli şemal bolup, onuň tizligi sekuntda +16 metre ýetmegi mümkin.

Dynç günleri yssy howa Lebap welaýatynyň çäginde hem saklanar. Şenbe güni temperatura  +35 derejä çenli ýokarlanar, ýekşenbe güni +36 dereje bolar diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär. Şeýle-de, şemal güýjäp, tizligi sekuntda 17 metre ýeter diýip garaşylýar.