11-nji fewralda ulaglaryň hereket tertibi üýtgediler we janköýerlere ýeňillik dörediler

  • 09.02.2026 18:56
  • 17k+

Türkmenistanyň paýtagtynda «Arkadag» we «Al-Nasr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga taýýarlyk işleri tamamlanýar. Tomaşaçylaryň howpsuzlygyny we oňaýlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 11-nji fewralda Aşgabatda ulaglaryň hereketine we jemgyýetçilik pudagynyň işine aýratyn tertip girizilýär.  
Ulaglar üçin sagat 15:00-dan başlap, şäheriň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 10 ýyl Abadançylyk şaýoly, Atatürk köçesi, Oguzhan köçesi ýaly esasy köçelerinde hereket wagtlaýyn çäklendiriler. 
Janköýerler üçin bolsa Ankara köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgalardan iki sany wagtlaýyn awtobus gatnawy ýola goýlar. Awtobuslar stadiona çenli 2–3 minutlyk gysga wagt aralygy bilen gatnar.
«Olimpiýa» stadionyna giriş dört sany ýöriteleşdirilen gapy arkaly guralar. Olaryň üçüsi Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly tarapyndan, birisi 10 ýyl Abadançylyk şaýoly tarapyndan amala aşyrylar. 
Çäräniň dabaraly bölegi sagat 17:00-da türkmen estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagyndaky konsert bilen başlanar. Janköýerlere barlag nokatlaryndan wagtynda geçmek we ýerlerini eýelemek üçin stadiona öňünden gelmek maslahat berilýär.


düýn 14:18
4.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.2k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......