Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.04 — 01.05)

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.04 — 01.05)

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbeden anna çenli termometriň sütünjigi gündizine takmynan +30 - +32 derejäni görkezer. Penşenbe we anna günleri az-kem ýagyn ýagmagyna garaşylýar. Hepdäniň şenbe güni temperatura +26 derejä çenli aşaklar, ýekşenbe güni bolsa +20 dereje bolup, 7,1 mm-e çenli ygalyň düşmegi mümkin.

Balkan welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howa +29 derejä çenli gyzar. Çarşenbede 1 mm-e çenli ygal düşüp, tizligi sekuntda 15 metre ýetýän güýçli şemalyň bolmagy mümkin. Penşenbe güni howanyň temperaturasy +31 derejä ýetip, anna gününe çenli şol ýagdaýda saklanar. Şenbe güni temperatura +24-e çenli, ýekşenbe güni bolsa +20 derejä çenli aşaklar.  

Daşoguz welaýatynda hepdäniň ilkinji günlerinde temperaturanyň derejesi +26 bolar diýip garaşylýar. Çarşenbede howanyň +28 derejä, penşenbe güni bolsa +31 derejä çenli gyzmagy mümkin. Anna güni howa maglumaty gullugynyň habaryna görä, howa +34 dereje bolar. Şenbe güni howanyň aňrybaş temperaturasy +33 derejä düşer, ýekşenbe güni bolsa +29 dereje bolar diýip çaklanylýar.

Mary welaýatynda duşenbeden çarşenbä çenli temperatura +31 - +32 dereje töweregi bolar. Penşenbe güni howa +33 derejä çenli gyzar, anna we şenbe günleri bolsa howanyň gyzgynlygy +35 derejä galar. Ýekşenbe güni gyzgynlyk biraz peselip, temperatura +29 dereje bolmagy mümkin.

Lebap welaýatynda howa maglumaty gullugy duşenbe güni howa +29 dereje bolar diýip çaklaýarlar. Sişenbe we çarşenbe günleri termometriň sütünjigi +31 derejäni görkezer. Penşenbeden hepdäniň ahyryna çenli temperatura +35 dereje töweregi bolar.