Iş maslahaty: Serdar Berdimuhamedow sebitlerdäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

  • 19.04.2022 05:20
  • 21k+

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda, ilki bilen, sebitleriň häkimleri hasabat berdiler. Hususan-da, Balkan welaýatynyň häkimine welaýatyň  atçylyk sport toplumynda geçiriljek Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu günler Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygyny, Balkan welaýatynda ýüpek gurçuklarynyň ýokary hilli tohumlarynyň taýýarlanyp, paýlanýandygy barada aýtdy. Sebitiň howa şertleri nazara alnyp, Daşoguz welaýatynda ýüpek gurçugynyň ideg işlerine 26-njy aprelde girişiler. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilnamada bellenilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada-da hasabat berildi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen ähli baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.


şu gün 08:13
933

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
1.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
644

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......