Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (21.03 — 27.03)

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (21.03 — 27.03)

Indiki hepde Türkmenistanyň aglaba ýerinde howanyň bulutlaşyp, salkynlamagyna garaşylýar diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howa +12 dereje bolar. Çarşenbede az-kem ýagynly bolup, howa +9 dereje bolar. Penşenbede howa birden gyzar we +21 derejä ýeter. Howa maglumaty gullugy hepdäniň anna güni  howa açylyşar we +18 dereje bolar diýip çaklaýar. Dynç günlerinde howa ýene salkynlap, gyzgynlygy +13 derejä çenli aşaklar.

Balkan welaýatynda hepdäniň duşenbe güni howa +12 dereje bolar diýip garaşylýar. Duşenbe we çarşenbe günleri howanyň gyzgynlygy +10 derejä çenli aşaklar, 2 mm töweregi ygal düşer diýip çaklanylýar. Penşenbede howa +18 derejä çenli gyzar. Anna gününden başlap, hepdäniň ahyryna çenli howanyň derejesi +14 töwerek bolar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň duşenbe-çarşenbe günleri aralygynda howanyň gyzgynlygy +9 - +10 derejede saklanar. Penşenbede howanyň temperaturasy biraz ýokarlanyp, +13 derejä ýeter. Anna güni howa +18 derejä çenli gyzar we az-kem ýagyn ýagmagy mümkin. Şenbe güni termometriň sütünjigi +11 derejä çenli aşaklar, ýekşenbede bolsa ýene +14-e galar.

Mary welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howa maglumaty gullugy howa +16 dereje bolar diýip çaklaýarlar. Çarşenbede howanyň temperaturasy +12 derejä çenli aşaklar. Hepdäniň penşenbe güni temperaturanyň +20-ä ýetmegine we açyk howanyň bolmagyna garaşylýar. Anna güni howa +27 derejä çenli gyzar, tizligi sekuntda 16 metre ýetýän güýçli şemal öwser diýip çaklanylýar. Dynç günleri howanyň derejesi +16-a çenli aşaklar diýip garaşylýar.

Lebap welaýatynda hepdäniň duşenbe we sişenbe günleri howanyň gyzgynlygy +15 dereje töwereginde bolar. Çarşenbe güni ol +11 derejä çenli peseler. Penşenbede howa açylyşyp, termometriň sütünjigi +16 derejä galar. Anna güni howa maglumaty gullugy howanyň temperaturasy +29 derejä çenli üzül-kesil ýokarlanar diýip çak edýär, tizligi sekuntda 19 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar. Şenbe güni az-kem ýagynly bolar we termometriň sütünjigi  +17 derejäni görkezer. Şenbe güni howanyň gyzgynlygy +15 derejä çenli aşaklar.