Berdimuhamedow sebitlerdäki oba hojalyk işleriniň ýagdaýy bilen gyzyklandy

  • 22.02.2022 12:46
  • 7.9k+

21-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny hem diňledi. Hususan-da, wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmek boýunça edilýän tagallalar, güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri, şol bir wagtyň özünde ýazlyk ekiş möwsümine taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlaryň 535 müň 229 gektarynda sürüm işleri geçirildi. Munuň özi kesgitlenen işleriň 92,2 göterimine deňdigini aňladýar. Şol bir wagtyň özünde ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de zerur bolan tohumlary möwsüme taýýarlamak işleri batly depginlerde alnyp barylýar.

Şu günler ýurdumyz boýunça sogan ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şeýle hem şu ýyl jemi 30 müň gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirildi. Şu güne çenli jemi 11 müň 361 gektara ýazlyk ýeralma ekilip, bu baradaky meýilnama 37,9 göterim berjaý edildi.


düýn 16:02
897

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......