Raşid Meredow YHG-niň 17-nji Sammitiniň çäginde Pakistanyň we BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

  • 05.07.2025 06:14
  • 3.2k+

4-nji iýulda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji Sammitiniň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alşyldy.
Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamy ýaly sebit taslamalarynyň ähmiýetini nygtadylar.
Şol gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Soltan Ahmed Al Jaber bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň çäginde taraplar energrtika ulgamynda, husasan-da gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......