Aşgabatda ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

  • 05.07.2025 05:16
  • 6.4k+

3-nji iýulda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň 249 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirdi. Dabara diplomatlar, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, medeniýet wekilleri hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Dabaranyň başynda myhmanlary ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud gutlady. Ol türkmen dilinde çykyş edip, azatlyk, garaşsyzlyk we bagtyýarlyga ymtylmak ýaly gymmatlyklaryň ähmiýetini belledi. Ilçi hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlyk bildirip, aýratyn-da, Eýrandan ABŞ-nyň raýatlarynyň çykarylmagynda beren goldawy üçin Türkmenistana aýratyn sagbolsun aýtdy.


Türkmen tarapyndan Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa çykyş etdi. Ol ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan gutlaglary ýetirdi hem-de bu baýramyň azatlyga ymtylmagyň nyşany hökmünde ähmiýetiniň uludygyny aýtdy. Parlamentiň ýolbaşçysy döwletara dialogyň, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň, şeýle-de ekologiýa hem-de medeni mirasy gorap saklamak ugurlaryndaky bilelikdäki taslamalaryň ösüşini belledi.

Dabaranyň barşynda Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikan kantri-rok aýdym-saz topary çykyş etdi. Ozal habar berşimiz ýaly, aýdymçynyň Aşgabatda iki konserti meýilleşdirilen – 5-nji iýulda “Türkmenistan” kino-konsert zalynda, 6-njy iýulda bolsa “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler.
ABŞ-da Garaşsyzlyk güni 4-nji iýulda bellenilýär. Şol gün – 1776-njy ýylda, Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde ikinji Kontinental kongres tarapyndan, esasan hem Tomas Jefferson tarapyndan taýýarlanan Garaşsyzlyk Jarnamasy kabul edilipdi. Bu resminama öňki britan koloniýalarynyň ilkinji gezek “Amerikanyň Birleşen Ştatlary” ady bilen resmi taýdan tanadylan ilkinji resminamasy boldy.






şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 19:47
787

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......