9-njy fewral: Türkmenistanyň çäginde boljak howa barada maglumat

9-njy fewral: Türkmenistanyň çäginde boljak howa barada maglumat

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 9-njy fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 703 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +14... +19°, kenarýaka etraplarynda +8... +13° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 752 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Awazada: howa +10... +12°, basyşy 760 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Balkanabat şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 759 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +13... +18° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 736 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Tejen şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 747 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +12... +17° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 744 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Baýramaly şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 743 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli, gündizine +10... +15° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 750 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Kerki şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 745 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4° sowukdan +1° çenli, gündizine +5... +10° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 758 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Köneürgenç şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 760 mm, çyglylygy 60 — 80%.