28-nji dekabr: Aşgabatda we welaýatlarda garaşylýan howanyň ýagdaýy

28-nji dekabr: Aşgabatda we welaýatlarda garaşylýan howanyň ýagdaýy

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 28-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... +4° sowuk, gündizine +9... +14°, kenarýaka etraplarynda +3... +8° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 757 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Awazada: howa +5... +7°, basyşy 765 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Balkanabat şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 766 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -4... +1° sowuk, gündizine +8... +13° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 742 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Tejen şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 752 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -5° sowuk, gündizine +7... +12° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 748 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Baýramaly şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 749 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1... -6° sowuk, gündizine +6... +11° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 752 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Kerki şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 747 mm, çyglylygy 70 — 90%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 5 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -3... -8° sowuk, gündizine -3° sowukdan +2° çenli maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa -1... +1°, basyşy 763 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Köneürgenç şäherinde: howa -1... -3°, basyşy 764 mm, çyglylygy 65 — 85%.