Ýaponiýada iýmitiň tagamyny berip bilýän telewizor döredildi

  • 27.12.2021 18:42
  • 12k+

Tokiodaky Meidzi uniwersitetiniň ýapon professory Homeý Miýaşita Taste the TV atly multimediýa ekranynyň prototipini döretdi. Enjamyň ýörite goşundylary ulanyp dürli tagamlary simulirlemäge ukyplydygy aýdylýar. Bu barada The Guardian gazetine salgylanyp, news.rambler.ru habar berýär.

Gazetiň habaryna görä, Taste the TV telewizorynda suwuk tagam goşundylary we hoşboý ys berijileri saklaýan on sany gap ýerleşýär. Telewizora tomaşa edilýän mahaly bu suwuklyklar kesgitlenen kombinasiýalarda ýörite gigiýenik plýonkanyň üstüne sepilýär. Berlen tagamy duýmak üçin adam oňa dilini degirmeli bolýar.

Professor Homeý Miýaşitanyň pikiriçe, bu tehnologiýa COVID-19 pandemiýasy wagtynda has möhümdir. Sebäbi bu adamlaryň daşarky dünýä bilen aragatnaşyk saklamagyny gowulaşdyryp biler diýip, çeşme belleýär.


şu gün 09:37
1.3k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

düýn 22:31
4.7k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

düýn 18:36
828

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.6k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......