Ýaponiýada iýmitiň tagamyny berip bilýän telewizor döredildi

  • 27.12.2021 18:42
  • 12k+

Tokiodaky Meidzi uniwersitetiniň ýapon professory Homeý Miýaşita Taste the TV atly multimediýa ekranynyň prototipini döretdi. Enjamyň ýörite goşundylary ulanyp dürli tagamlary simulirlemäge ukyplydygy aýdylýar. Bu barada The Guardian gazetine salgylanyp, news.rambler.ru habar berýär.

Gazetiň habaryna görä, Taste the TV telewizorynda suwuk tagam goşundylary we hoşboý ys berijileri saklaýan on sany gap ýerleşýär. Telewizora tomaşa edilýän mahaly bu suwuklyklar kesgitlenen kombinasiýalarda ýörite gigiýenik plýonkanyň üstüne sepilýär. Berlen tagamy duýmak üçin adam oňa dilini degirmeli bolýar.

Professor Homeý Miýaşitanyň pikiriçe, bu tehnologiýa COVID-19 pandemiýasy wagtynda has möhümdir. Sebäbi bu adamlaryň daşarky dünýä bilen aragatnaşyk saklamagyny gowulaşdyryp biler diýip, çeşme belleýär.


düýn 15:33
1.1k+

Samsung smartfonlarynda push-mahabatlary akylly usulda bloklaýan ulgam ornaşdyryldy

Samsung kompaniýasy Device Care goşundysyny täzeledi we oňa push-bildirişlerindäki spam hem-de mahabatlar bilen awtomatiki göreşmek üçin niýetlenen "Intelligent Blocking" funksiýasyny goşdy....

düýn 11:35
2.4k+

Kamera bilen Gemini-si bar: internetde Samsung Galaxy Glasses akylly äýnekleriniň suratlary peýda boldy

Internetde Samsung Galaxy Glasses akylly äýnekleriniň suratlary peýda boldy. Android Headlines tarapyndan çap edilen ýokary hilli renderlere görä, enjam daşky görnüşi boýunça nusgawy Ray-Ban äýneklerini......

düýn 07:46
2.5k+

Täze TCL telewizory tas 11 000 nit ýagtylyk görkezip, HDR10 standartynyň çäginden geçdi

85 dýuýmlyk «TCL X11L SQD Mini LED» telewizory geçirilen synaglaryň dowamynda takmynan 11 000 nit – iň ýokary ýagtylyk görkezdi we «PQ HDR10» standartynyň resmi taýdan bellenen 10 000 nitlik çäginden geçmegi......

14.05.2026 11:05
1.3k+

reCAPTCHA ulanýan saýtlar Google hyzmatlary bolmadyk Android ulanyjylaryny bloklap başlady

Google hyzmatlary bolmadyk Android smartfonlarynyň ulanyjylary reCAPTCHA barlagyndan geçmekde kynçylyklara uçrap başladylar. Täze şahsyýeti tassyklama ulgamy smartfonda Google Play Services-iň 25.41.30 ýa-da......