23-nji dekabr: Türkmenistanyň çäginde üýtgäp durýan howa bolar

23-nji dekabr: Türkmenistanyň çäginde üýtgäp durýan howa bolar

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 23-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +7... +12°, kenarýaka etraplarynda +3... +8° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 758 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Awazada: howa +5... +7°, basyşy 766 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Balkanabat şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 767 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +6... +11°, günorta-gündogar etraplarynda +14° çenli maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 739 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Tejen şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 749 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +11... +16° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 746 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Baýramaly şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 745 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +6... +11°, günorta etraplarynda +14° çenli maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 749 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Kerki şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 743 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +2... +7° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 759 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Köneürgenç şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 761 mm, çyglylygy 70 — 90%.