22-nji dekabr: Türkmenistanda gyşyň "mahmal" günleri dowam edýär

22-nji dekabr: Türkmenistanda gyşyň "mahmal" günleri dowam edýär

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 22-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny okyjylaryň dykgatyna ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 733 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 710 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +11... +16°, kenarýaka etraplarynda +5... +10° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 750 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Awazada: howa +7... +9°, basyşy 758 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Balkanabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 757 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +12... +17°, günorta-gündogar etraplarynda +20° çenli maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 738 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Tejen şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 747 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +17... +22° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 738 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Baýramaly şäherinde: howa +19... +21°, basyşy 737 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +13... +18° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 743 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Kerki şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +4... +9° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +7... +9°, basyşy 751 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Köneürgenç şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 752 mm, çyglylygy 70 — 90%.