26-njy noýabr: Türkmenistanda nähili howa garaşylýar?

26-njy noýabr: Türkmenistanda nähili howa garaşylýar?

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 26-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 745 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 716 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +9... +14°, kenarýaka etraplarynda +6... +11° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 764 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Awazada: howa +8... +10°, basyşy 772 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Balkanabat şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 770 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +8... +13° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 752 mm, çyglylygy 55 — 75%.
Tejen şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 753 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +8... +13° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 753 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Baýramaly şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 751 mm, çyglylygy 40 — 70%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +7... +12° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 756 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Kerki şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 752 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0...-5° sowuk, gündizine 0... +5° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +3... +5°, basyşy 767 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Köneürgenç şäherinde: howa +2... +4°, basyşy 769 mm, çyglylygy 55 — 75%.