Türkmen wekiliýeti Duşanbede «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» duşuşygyna gatnaşdy

  • 23.11.2021 08:59
  • 9.6k+

22-nji noýabrda Duşanbe şäherinde «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.  

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, 2019-njy ýylyň 17-nji iýunynda kabul edilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de sebitara hyzmatdaşlygynyň we özara hereketleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça pikirleri alyşdylar. Nobatdaky gepleşikleriň, şeýle-de «MA-ÝB» formatyndaky Ykdysady forumyň işe girizilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, türkmen tarapy «Merkezi Aziýa-ÝB» formatynyň ähli gatnaşyjylarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hereketleriniň giňeldilmegi boýunça ençeme teklipleri beýan etdi. 

Owganystanyň durnukly ösüşiniň ýola goýulmagy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ýurda kömek we goldaw bermegiň syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik düzüjileriniň bitewüligine esaslanýan çemeleşmesinden ugur alýandygy nygtaldy.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy şeýle-de nobatdaky duşuşyga gatnaşyjylary 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek parahatçylyk we ynanyşmak forumyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.


11.05.2026 22:55
867

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.05.2026 15:30
2.4k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....