Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

  • 19.11.2021 08:56
  • 4.8k+

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

 Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depginine aýratyn üns berildi. 

Telekeçilik işi, forumlary guramak üçin amatly ykdysady, maliýe we hukuk şertleriniň mundan beýläk-de döredilmeginiň wajypdygy bellenildi. Şolar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.

Duşuşygyň barşynda iki goňşy döwletiň çäk taýdan ýerleşişiniň ýük daşamagyň amatly guryýer we deňiz ýollaryny, olaryň halkara ulag düzümine goşulyşmagyny üpjün edýän yklymara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýändigine üns berildi. Energetika ulgamy hem ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Bu ulgam Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýedir. 


düýn 19:38
3.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.7k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......