BSGG-niň baş direktory we BMG-niň Ženewadaky ofisiniň başlygy Nyzamy Genjewi halkara baýragy bilen sylaglandy

  • 05.11.2021 12:00
  • 4.8k+

Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus we BMG-niň Ženewadaky ofisiniň baş direktory Tatýana Walowaýa “COVID-19-dan soňky dünýä” atly VIII Global Baku forumynyň çäginde Nyzamy Genjewi halkara baýragy bilen sylaglandy. Bu barada Trend habar berýär.

Belläp geçsek, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň howandarlygynda we Nyzamy Genjewi halkara merkeziniň guramagynda 4-nji noýabrda Azerbaýjanyň paýtagtynda “COVID-19-dan soňky dünýä” atly VIII Global Baku forumy geçirilýär. Bu forum 6-njy noýabra çenli dowam eder.
Oňa dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden ýokary derejeli wekiller, öňki döwlet we hökümet baştutanlary, halkara we hökümete dahylsyz guramalaryň wekilleri, şeýle-de myhmanlar gatnaşýar.
Gibrid görnüşinde guralan bu çärä onlaýn görnüşinde-de 300-e golaý gatnaşyjy goşular. 


16.03.2026 16:50
3k+

«Galkynyş» topary Bakuwyň «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda çykyş etdi

Baku şäherindäki «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň artistleriniň çykyşy boldy. Täsirli çykyşlary görkezmäge Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri hem gatnaşdy...

13.03.2026 17:00
6.2k+

Türkmen raýatlary üçin “ASAN Visa” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Azerbaýjan Respublikasyna syýahat etmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin elektron wiza almak işini ýeňilleşdirmek maksady bilen «ASAN Visa» portalynyň türkmen dilindäki wersiýasy işe girizildi. Bu başlangyç...

11.03.2026 17:11
2.8k+

Türkmenistan BMG-niň Halkara kofe güni baradaky rezolýusiýasynyň awtordaşy boldy

BMG-niň Baş Assambleýasy 1-nji oktýabry Halkara kofe güni diýip yglan etdi. Degişli rezolýusiýa sişenbe güni Nýu-Ýorkda tassyklanyldy. Onlarça ýurt, şol sanda Türkmenistan, Özbegistan we Gyrgyzystan resminamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etdi...

12.02.2026 12:10
2.1k+

BMGÖM we Türkmenistan batgalyk-suwly ýerlere sanly gözegçiligi maslahatlaşdy

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy Daşky gurşawy goramak ministrligi we Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkezi bilen bilelikde Bütindünýä batgalyk-suwly ýerleriň güni mynasybetli tegelek stol maslahatyny geçirdi...