BMG-de Ikinji jahan urşunyň pidalary hatyralandy

  • 08.05.2025 16:46
  • 4.9k+

Ikinji jahan urşunyň gutarmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirada BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite mejlisi geçirildi. Ol mart aýynda Russiýanyň teklibi bilen kabul edilen rezolýusiýa laýyklykda geçirildi. Bu resminama Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan tarapyndan goldanyldy.

Rezolýusiýa Birleşen Miller Guramasynyň çäklerinde agzybirlige, dawa-jenjelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine we BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda halkara howpsuzlygy üpjün etmäge çagyrýar.
Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň başlygy Filemon Ýang mejlisi açyp, erkinlik üçin janyny pida edenleriň ählisini hatyralamagy teklip etdi.

“Weteranlaryň köpüsiniň ýaşy eýýäm ýüzden geçýär. Olaryň sesini eşitmek mümkinçiligi barha azalýar. Taryhy goramak – bu biziň umumy ahlak jogapkärçiligimiz” – diýip, ol belledi.

Ýang BMG-niň täze uruşlaryň öňüni almak maksady bilen döredilendigini ýatlatdy. Onuň sözlerine görä, dünýä dawalaryny başdan geçiren guramany esaslandyryjylar dünýä parahatçylygynyň berk binýadyny döretmek isledi.
Russiýanyň BMG-däki hemişelik wekili Wasiliý Nebenzýa faşizmden üstün çykmagyň jyns taýdan artykmaçlyk teoriýasynyň ýaýramagynyň öňüni alandygyny belledi. Ol soýuzdaşlaryň goşandyny belläp, Ýeňşiň millionlarça adam pidasy bilen gazanylandygyny ýatlap geçdi.

“Sowet Soýuzynyň bahasy 27 million ömür boldy, harby ýitgileriň özi 12 million adam boldy” – diýip, Nebenzýa aýtdy.

Stawros Lambrinidis Ýewropa Bileleşiginiň adyndan çykyş etmek bilen, Ikinji jahan urşuny “Ýewropanyň we bütin dünýäniň taryhynda pajygaly bap”, Ýeňşiň häzirki ýyllygyny bolsa – “oýlanmagyň wagty” diýip atlandyrdy. Ol urşuň pidalarynyň hatyrasyny saklamagyň zerurdygyny aýdyp, garaşsyz döwletleri boýun egdirmek maksady bilen güýç ulanmak, demokratiýanyň zyýanyna ygtyýarlykdan aşa peýdalanmak hem-de hukuklary kemsitmek we halklary ýok etmek üçin ýigrenji ýaraga öwürmek ýaly hereketleri ýazgarjak parahat geljegiň hatyrasyna ÝB-niň halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
Şeýle-de, ol BMG-niň Düzgünnamasynyň parahatçylykly güýjüniň we halkara hukugynyň kömegi bilen bu hereketleriň geçmişde hemişelik galjakdygyny belledi.
Mart aýynda kabul edilen rezolýusiýa laýyklykda, BMG-niň Baş Assambleýasy her bäş ýyldan Ikinji jahan urşunyň pidalarynyň hatyrasyna dabaraly mejlis geçirmeli. 


02.08.2025 19:02
12k+

Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler

5-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler. "Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, şu günler bu festiwala gatnaşjak aşpezler dost-doganlyk ýurtlardan Awaza gelip başladylar...

14.06.2025 19:30
12k+

BMG dünýäde çaga dogluş derejesiniň peselmeginiň esasy sebäplerini aýtdy

Dünýäniň köp ýurtlarynda çaga dogluş derejesi rekord pes görkezijilere ýetdi. Bu barada BMG-niň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) täze hasabatynda aýdylýar. ÝUNFPA 14 ýurtda, şol sanda ABŞ-da, Hindistanda, Braziliýada we Germaniýada 14 müň adamyň arasynda barlag geçirdi...

20.08.2024 15:25
3.4k+

ÝUNISEF Aşgabatdaky Kids Expo sergisine çagyrýar

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Aşgabatda "Garagum" myhmanhanasynyň ýanyndaky meýdançada 19-njy awgustda badalga alan Kids Expo sergisine gatnaşýar. Türkmenistanda ilkinji gezek...

11.07.2024 18:47
12k+

Yzygider 13-nji rekord: BMG iýun aýynyň taryhda iň yssy aý bolandygyny aýtdy

2024-nji ýylyň iýun aýy gözegçiligiň tutuş taryhynda iň yssy aý we aýlyk temperatura rekordyny goýan yzygider 13-nji aý boldy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Howanyň üýtgemegi gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp...