BSGG-niň baş direktory we BMG-niň Ženewadaky ofisiniň başlygy Nyzamy Genjewi halkara baýragy bilen sylaglandy

  • 05.11.2021 12:00
  • 4.8k+

Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus we BMG-niň Ženewadaky ofisiniň baş direktory Tatýana Walowaýa “COVID-19-dan soňky dünýä” atly VIII Global Baku forumynyň çäginde Nyzamy Genjewi halkara baýragy bilen sylaglandy. Bu barada Trend habar berýär.

Belläp geçsek, Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň howandarlygynda we Nyzamy Genjewi halkara merkeziniň guramagynda 4-nji noýabrda Azerbaýjanyň paýtagtynda “COVID-19-dan soňky dünýä” atly VIII Global Baku forumy geçirilýär. Bu forum 6-njy noýabra çenli dowam eder.
Oňa dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden ýokary derejeli wekiller, öňki döwlet we hökümet baştutanlary, halkara we hökümete dahylsyz guramalaryň wekilleri, şeýle-de myhmanlar gatnaşýar.
Gibrid görnüşinde guralan bu çärä onlaýn görnüşinde-de 300-e golaý gatnaşyjy goşular. 


şu gün 12:12
1.1k+

BMG howsala düşdi: Neýroulgamlar ähli suwy we energiýany gutarýar

BMG-niň Uniwersitetiniň Suw, daşky gurşaw we saglyk instituty (UNU-INWEH) emeli aň hem-de bulut tehnologiýalary senagatynyň ösüşiniň daşky gurşawa ýetirýän ekologik täsirlerini jikme-jik beýan edýän täze......

09.06.2026 15:05
9.5k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

06.06.2026 16:07
6.8k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....