Apple bassyr dokuzynjy ýyl dünýäniň iň gymmat brendi bolmagynda galdy

  • 24.10.2021 15:02
  • 3.5k+

Apple brendi eýýäm dokuz ýyl bäri dünýäniň iň gymmat brendi bolmagynda galýar. Muny Interbrand Corp. kompaniýasynyň 2021-nji ýyl üçin derňewleri görkezdi. Onuň bahasy geçen ýylyň dowamynda 26% ýokarlanyp, 408,25 mlrd dollardan geçdi. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Ikinji orunda 24% (249,25 mlrd dollara çenli) gymmatlan Amazon brendi, üçünji orunda 27% (210,2 mlrd dollara çenli) gymmatlan Microsoft ýerleşdi. Dördünji orny bahasy 19% ýokarlanyp, 196,8 mlrd dollar bolan Google eýeledi.

Onlukda beýleki kompaniýalaryň tertibi hem üýtgemedi: bäşinji orunda Samsung (ösüş 20%, 74,635 mlrd dollara çenli), soňra Coca-Cola (ösüş 1%, 57,488 mlrd dollara çenli), Toyota (ýokarlanma 5%, 54,107 mlrd dollara çenli), Mercedes-Benz (ösüş 3%, 50,866 mlrd dollara çenli), McDonald’s (ösüş 7%, 45,885 mlrd dollara çenli), Disney (ösüş 8%, 44,183 mlrd dollara çenli) ýerleşdi.

Onlukdaky brendleriň umumy bahasynyň 62%-den gowragy sanawdaky ilkinji üç kompaniýanyň paýyna düşýär diýlip, hasabatda bellenilýär.

Reýtingde iň uly ösüşi Tesla brendi görkezdi: onuň bahasy tas üç esse (184%, 36,27 mlrd dollara çenli) ýokarlandy, netijede ol 26-njy orundan 14-nji orna geçdi.

Häzirki wagtda Top-100-däki brendleriň jemi bahasy 2020-nji ýyldaky $2 trln 326,491 mlrd bilen deňeşdirilende, $2 trln 667,524 mlrd bilen bahalandyrylýar, ýagny geçen ýyl ol 15% ýokarlandy diýlip, Interbrand-yň habarynda bellenilýär.

Interbrand özüniň hasabynda kompaniýalaryň maliýe görkezijilerini, brendleriň sarp edijileriň harytlary satyn almak kararlaryna täsirini we kompaniýalaryň girdeji gazanmak ukybyny göz öňünde tutýar. Dünýäniň iň gymmat 100 brendiniň sanawy eýýäm 22 ýyl bäri neşir edilýär. 


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......